MAKALA

XI Uniwersiada badalga aldy

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2019 – 2020-nji okuw ýylynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy.

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaýbaňlandyrylan dabarada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär işgärleri çykyş etdiler.

Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Soňra Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdebiniň türgenleriniň görkezme çykyşlary şowhunly elçarpyşmalara mynasyp boldy.

 

www.msy.gov.tm

 

  • 26
  • 20.10.2019