MAKALA

Ýurdumyzda geçiriljek çempionatlar

Sporty sungat derejesine ýetiren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sport ulgamy batly depgin bilen ösüşlere beslenýär. Sporta ýaşlary çekmek, olary milli we halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksat edinilip ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Şeýle ýaryşlar  Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndanam guralýar. Ol ýerde sportuň dürli görnüşlerinden geçiriljek çempionatlar hakynda habar berilýär.

Sportuň erkin göreş görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrunda 2003-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we kiçi ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçiriler. Oktýabr aýynyň 19-na (“Galkynyş” beden sagaldyş toplumynda)  tälimçileriň maslahaty, bije atyşlygy we agram çekilişigi bolar. Türgenler 10 agram derejesinde tutluşarlar. 20-nji oktýabrda ýaryşa badalga berler we ýeňijiler belli ediler.

2005-2006-njy ýylda doglan oglanlaryň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçiriler. Ýaryş 18-19-njy oktýabr aralygynda (Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň sport zalynda) geçiriler, çempionatda türgenler 7 agram derejesinde bäsleşerler.

13 we 17 ýaşa çenli oglan-gyzlaň arasynda 64 öýjükli şaşka boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiliginiň (Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde) geçirilmegine garaşylýar. Ýaryş 22-29-njy oktýabr aralygynda geçiriler.

27-29-njy oktýabr aralygynda sportuň grek-rim görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi ugrundaky ýaryş 2004-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçiriler. Türgenler bäş agram derejesinde (4-nji sport mekdebiniň sport zalynda) bäsleşerler.

Sportuň pauerlifting görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty 30-31-nji oktýabr aralygynda (Energetika orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda) geçiriler.

 

www.msy.gov.tm

 

  • 24
  • 20.10.2019