MAKALA

Güýzde düşülen suratlar

Hoş geldiň, altyn güýzüm! Hoş geldiň, çagalygymyň iň bagtly günleriniň şaýady! Ine, biz ýene-de duşuşdyk. Sen meniň öňkülerimden biraz galagoplydygymy, sabyrsyzdygymy, agras dünýäňe içgin-içgin seredýändigimi geň görme. Ýadyňa düşýärmi, men saňa ikimiziň biri-birimize ýakyndygymyzyň sebäbini bilesimiň gelýändigini kän aýdardym. Şahadaky sary ýapraklaryňa örän meňzeşdigimi, aýdýan aýdymlarymda ýagyşlaryň heňiniň bardygyny gürrüň bererdim. Diňe bir ýagyşda, ýaprakda däl, seniň şalygyňdaky ähli zatlar maňa tanyşdy, ezizdi. Göýä men bu şalygyň hökmürowanlygyna ençeme ýyldan soň ýaňadan dolanan ýaly. Bu nämälim tanyşlyk meni oýlanmaga mejbur edýärdi. Saçlarymy çöşläp gidýän awara şemalda çagakam gulpagymdan çekip gaçýan garagolyň hereketlerini görýärdim. Bagdan tänen sary ýapragyň ýüzümi sypap geçmesinde meni köşeşdirjek bolýan ejemiň elleriniň näzikligini duýýardym. Goňras bulutly asman, toýnuk gurap, uçup barýan durnalar, üçekde gur-gurlaýan gögerçinler, üsti sary ýapraklar bilen basyrlan ýaplar, kem-kemden ýüki ýeňleýän agaçlar — bular bolsa maňa edil süýtdeş doganlarym ýaly mähriban. Men bir gün bu nämälimligiň aýan boljakdygyna ynanýadym. Şol güne seniňem garaşýandygyňy syrly keşbiňden aňlaýadym...

Hany, maňa baksana... Men bu garaýşy, sary meňzi tanaýaryn. Men seni tanaýaryn, güýzüm! Hatda mende seniň birnäçe ýyl ozalky suratlaryňam bar. Indi näme üçin saňa ýakyndygyma, dünýämiziň meňzeşdigine, nygmatlaryň ezizdigine düşünýärin. Meniň nähili bagtlydygymy duýýarmyň? Eger sen başdan biziň ýakynlygymyzyň syryny aýan eden bolsaň, şeýle bagtyýar bolardymmy?! Özüň gözläp tapmagyň, edil özüň gazanyp sowmak ýaly lezzetlidigini duýmaga beren mümkinçiligiň üçin sag bol, güýzüm!

«Suratlarda ömür bar» diýilýär. Ýöne men olaryň özlerinde şol ömre dahylly bolan inçe syrlary, hatda birnäçe hekaýaty hem saklaýandygyna göz ýetirdim. Bilýäňmi, güýzüm, ikimiziň aramyzdaky ýakyn dostlugyň syrynam şol suratlar açdy. Göräýmäge, maşgala suratlary ýaly bolsa-da, men ol ýerde seniňem keşbiňi gördüm. Hawa, şol ikimiziň syrymyzy aýan eden suratlarda biziň maşgalamyzyň arasynda seniňem keşbiň bar. Bu zatlary uýama aýdamda, ol birbada ynanmady. Soňra men oňa seniň keşbiňi görşümi düşündirdim. Şeýdip, olam seni görmegi başardy. Ozallar surata düşmegiň hasabyna düşen bolsam, indi olary gymmatly baýlyk hökmünde ýygnaýaryn. Kim bilýär, olarda ýene näçe syr, näçe hekaýat saklanýar?! Ýene näçe ýyldan olar maňa nämeler gürrüň berjek?!..

Güýzüm, suratlardaky syryň açylan güni meniň üçin täze dünýä açyldy... Ejem uýam ikimiziň öňümizde birnäçe albomdan ybarat bolan, şeýle-de alboma salynmadyk suratlary goýup, herimiziň özümize degişli suraty alyp gitmegimizi tabşyrdy. Elbetde, suratlary almak üçin olary görmeli bolýar. Biz uýam bilen suratlary ýeke-ýekeden görüp başladyk. Olaryň içinde maşgala suratlarymyz gözümize hasam yssy görünýärdi. Biz suratdaky keşbimize seredip, alysda galan çagalygymyzy, päk arzuwlarymyzy, kiçijek çekişmelerimizi ýatladyk, özümiziň örän basym ulalandygymyza haýran galdyk. Şol pursatlaryň iň ýönekeýjesini hem ýatlap bilmegimize elimizdäki suratlar sebäpdi. Biziň çagalyk döwrümizde häzirki ýaly surata düşürýän döwrebap telefonlar ýokdy. Fotoapparatam käbir ýek-tük hojalyklarda bardy. Biz diňe şähere gezelenje gidenimizde surata düşerdik. Şonuň üçinem çagalyk suratlarymyzyň aglabasy paýtagtymyzda düşülen suratlar. Geň ýeri, dürli döwürde, paýtagtyň dürli ýerlerinde alnanam bolsa, olardaky tebigat şol bir halyndady — ýerde sary ýapraklar gaýyşyp ýörler, howa çala ýagyşly ýa-da şemally. Bu görnüş maňa juda ýiti täsir etdi. Sebäbi ähli suratlar güýzde düşülipdir. Hawa, ähli suratlarda biziň ýanymyzda sen bardyň, güýzüm. Men özümde nähilidir bir inçe tolgunmany duýdum.

— Bulary görsene, Ýazgül, biziň hemme suratlarymyz güýzde alnypdyr — diýip, jigimiň ýüzüne seretdim. Ol:

— Ýadyňa düşýärmi, biz şähere gezelenç etmäge hemişe pagta ýygymy gutaransoň giderdik — diýip, elindäki suratlara seretdi. Ine, saňa ýatlamalar ýumagynyň ujy... Ine, güýzüm, ikimiziň ýakyn dostlugymyzyň başlanýan ýeri...

Uýamyň aýdyşy ýaly, paýtagta ýylda bir gezek giderdik. Özem diňe Zemine sen goş ýazdyran mahalyňda. Ýogsa, biziň obamyz paýtagtdan beýle uzagam däldi. Munuň asyl sebäbi, biz daýhan maşgalasydyk. Enem-atam her ýyl bakja ekinleri sowlup, pagta ýygymy tamamlanansoň, öz çagalaryny gezdirmäge mümkinçilik tapardylar. Şonuň üçin sen biziň iň arzyly paslymyzdyň. Biz seniň gelmegiňe sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Sebäbi biziň çaga arzuwlarymyz seniň gelmegiň bilen hasyl bolýardy. Paýtagtyň gözelligini synlamak, onuň haýwanat we ýörite çagalaryň dynç almagy üçin niýetlenen baglaryna gezelenç etmek, kaşaň, haşamly dükanlaryndan her dürlüje nogul-nabat, doňdurma satyn almagyň lezzeti hasam başgaçady. Bagdan tänen sary ýapraklaryň aýagymyzyň aşagynda şygyrdaýşy biziň garagollygymyzy hasam öjükdirerdi. Jigilerim bilen ýapraklaryň bol düşen ýerinden esgerleriň ýöreýşine öýkünip ýörärdik. Ýagyş ýagaýsa-ha, bar onsoň. Ondan gaçmagyň ýerine ýüzümizi göge tutup, sanajyna kakýan mamany görjek bolardyk. Ellerimiz bolsa ybadat edýäniň elleri ýaly göge galardy. Iller paýtagt ýazda gözel bolýar diýselerem, biz üçin ol diňe güýzde, ähli ýeri sary ýapraklar örtende owadandy. Bu görnüş bir daýhan gyzynyň gözi bilen seredeniňde, baharyň al-elwan gülleriniň, saýaly baglarynyň gözelliginden kem däldi. Eýsem, näme, mähribanlaryň jemlenen ýeri nädip gözel bolmasyn?! Olaryň barlygynda islendik ýer öz-özünden gözelleşýär, mukaddesleşýär. Her bir ynsanyň çagalygyny geçiren öýüniň dünýäde iň owadan öý bolşy ýaly, senem meniň üçin iň gözel pasylsyň, güýzüm! Onsoň suratlarymyzda neneň seniň ornuň bolmasyn?!

Men hiç mahal garaşmadym —

Söýülerme, goralarma.

Ýöne mydam intizardym,

Ýapraklaryň saralarna.

 

Käte siňňin, kä tupanly

Ýagyş — ýeke-täk heňdeşim.

Görmedim sary ýaprak deý

Özüme juda meňzeşi.

Ine, güýzüm, meniň bu günki galagoplydygymyň, sabyrsyzdygymyň, saňa içgin-içgin seredýändigimiň özenindäki täsin hakykatyň beýany. Beýle ahwal köne dostuna, onda-da kalbyndan orun beren ynsanyna sataşan her bir kişide bolup biler. Biziň ýürekdeşligimiz, bir-birege ýakynlygymyz indi başlansa gerek. Deňizlerem ýagyş ýaganda joşýar-a. Şonuň üçinem bu gezek kalbymda dörän şeýle setirler bilen didarlaşmak isleýärin:

— Hoş geldiň goja Zemine! Hoş geldiň ata Watana! Hoş geldiň, bir mahallar seniň gelmegiňe garaşyp, aý-günleri kiçijek barmajyklaryny büküp sanan gyzyň ykbalyna!

 

Gurbanjemal Annakowa.

  • 69
  • 20.10.2019