MAKALA

Türkmen wekiliýeti ilkinji gezek Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy.

Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde harby gullukçy türgenler sportuň dzýudo we erkin göreş ýaly görnüşlerinden göreşerler.

Türkmen harby gullukçylarynyň bu abraýly ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze tapgyr boldy. 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan Harby sportuň halkara geňeşiniň düzümine girdi.

  • 33
  • 22.10.2019