MAKALA

Magtymguly we Firdöwsi

Türkmen edebiýaty uzak asyrlaryň dowamynda eýran-täjik edebiýaty bilen özara hyzmatdaşlygyny saklap gelipdir. Şeýlelikde, iki doganlyk halkyň edebi nusgalary biri-birine ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiligine özüniň uly täsirini ýetiren beýik söz ussatlarynyň biri-de eýran-täjik edebiýatynyň görnükli wekili Abulkasym Firdöwsidir.

Firdöwsiniň edebi mirasy beýleki söz ussatlary bilen bir hatarda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy üçin görelde mekdebi bolupdyr. Muny Magtymgulynyň:

...Istär men Şanama, Sakynamany,

Mälik Omar bilen Süleýman bolsam — diýen setirleri hem tassyk edýär.

«Şanama» eseri Firdöwsiniň döredijiliginiň kämil nusgasydyr. Beýik akyldar bu eseri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň baýlaşmagyna saldamly goşant goşupdyr. Bu eseriniň üstünde 35 ýyl üznüksiz işlän akyldar ony halk rowaýatlarynyň hem-de taryhy wakalaryň esasynda ýazyp tamamlapdyr.

Magtymguly Pyragynyň «Şanamada» gozgalýan dürli pikirlerden täsir alandygyny ylmy barlaglar ýüze çykarýar. Muňa «Şanama» poemasyndaky «Pirleriň soragy, Zalyň jogaby» bölüminde gozgalýan pikirler bilen Magtymgulynyň käbir setirlerini deňeşdirmek arkaly göz ýetirmek bolýar.

Firdöwsiniň poemasynyň «Pirleriň soragy, Zalyň jogaby» bölüminde Samyň ogly Zal akyl-paýhasly, dünýä, ýaşaýyş hakynda çuňňur garaýyşlary özünde jemlän gerçek hökmünde hereket edýär.

Bir gün ýurduň şasy öz golaý-goltumyndaky ylym-bilimden ýüki ýetik pirlere Zalyň aň-düşünjesiniň näderejededigini barlamagy tabşyrýar. Pirler şanyň tabşyrygyny berjaý etmek üçin bir ýere ýygnanýarlar. Şeýlelikde, alty sany pir degre gurap oturyp, durmuşyň dürli ugurlary babatda Zala dürli sowallar bilen ýüzlenýärler.

Indi Magtymgulynyň döredijilik ýoluna ýüzleneliň.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly şygryýet ýoluna ymykly gadam basansoň, Döwletmämmet Azady bilen ýakyn gatnaşyk saklap ýören, Durdy şahyrda ony synagdan geçirmek höwesi döreýär. Şeýlelikde, ol Magtymgula birnäçe sowal bilen ýüzlenýär. Magtymguly sowallara jogap berýär. Bu sowal-jogap häsiýetli goşgy «Donun kim biçdi» ady bilen Magtymgulynyň diwanyna giripdir.

Bu ýagdaý belli bir derejede Firdöwsiniň liriki gahrymanyna pirleriň sowal bilen ýüzlenişini ýadyňa salýar.

Magtymgulynyň «Uçdum ýaranlar», «Boldum girýana» goşgularynda hem şuňa meňzeş ýagdaýlar beýan edilýär. Bu goşgularda liriki gahryman pirlerdir çiltenlere sataşýar. Olar onuň ylym goruny barlaýarlar.

Ol gara baglykda gördüm bir çemen,

Ajaýyp meýlisni gördüm enjimen,

Töre girip gördüm otyrmyň çilten,

Salam berip, golun guçdum, ýaranlar.

 

«Şanamada» sowallar şeýle başlanýar.

Bir pir sorag berdi, gowluga ýanap,

Edermen ýigidiň aklyny synap:

 

On iki agaç gördüm şeýle gelşikli,

Tarypa mynasyp, göm-gök eşikli.

 

Olaryň her haýsy otuz şahaly,

Bolmaz oň şu sandan üýtgän mahaly.

Ruhy kämilligiň ýolunda beýik derejelere ýeten Magtymguly Pyragynyň duýgy-düşünjesi ylahy ylhamyň badasyny başyna çeken Firdöwsiniň duýgy-düşünjesinden onçakly daşda däl. Poemadaky:

On iki agaç gördüm şeýle gelşikli,

Tarypa mynasyp, göm-gök eşikli — diýen setirler Magtymgulynyň «Tumar gördüm» goşgusynda:

Bir öýde bar on iki han,

Hoş gelip siz, eziz myhman — diýen görnüşde beýan edilipdir.

«Şanama» poemasynda dördünji pir Zala şeýle sowal berýär:

Dördünjisi diýdi: «Öňünde meýdan,

Otlar ösýär, çeşme gülýär şadyýan.

Bir äpet orakçy eli orakly,

Geler şol meýdana pälwan ýürekli.

Ähli guran zadyň, gülleýän zadyň,

Orar bir ba şyndan, diň lemez dadyň.

Poemada orakçy — wagt manysynda gelýär. Magtymguly «Geçip baradyr» atly goşgusynda ähli gülleýän zady harap edýän pelegi wagt manysynda çeperçilik galybyna salyp, orak sözüni ulanýar:

Dü şüp bolmaz gahba pelek alyna,

Dodagyň tam şandyr dünýä malyna,

Bir gün oragyny alyp eline,

Öl, gury dannamaý, biçip baradyr.

Söz sungatynyň beýik ussatlary Fidöwsidir Magtymguly çeper sözüň, haýyr işiň ebedilik galjakdygyny beýan edenlerinde hem olaryň bu babatda garaýyşlary bir ugra gönügýär. Firdöwsi öz döreden eserleri barada:

Bir köşk saldyrdym — şygyrdyr nagşy,

Ýykmaz ony gyşyň ýeli, ýaz ýagşy.

 

Mundan bu ýan ölmerin men, diri men —

Ajaýyp söz ýaýradýanlaň biri men —

diýse, Magtymguly welilik bilen:

Adym geçer ilden-ile,

Nagyş ederler dilden-dile — diýýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde çeper söze çuňňur gadyr goýulýan häzirki döwrümizde söz ussatlarynyň döredijiliginiň gymmaty has-da artýar.

 

Atamyrat Şagulyýew,

mirasgär.

  • 56
  • 22.10.2019