MAKALA

5G internetiniň rekord tizligi

Şweýsariýanyň «Sunrise» aragatnaşyk kompaniýasy bilen Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy 5G internetiň tizligini synagdan geçirdiler. Sýurih şäherinde gurnalan 5G infrastrukturasy arkaly sekuntda 3,67 gigabit göçürip almak tizligi hasaba alyndy. «Huawei bu synagda 4GHz – 8GHz ýygylyk aralygynda üýtgeýän, kuwwaty 100MHz-e barabar «C-Band» spektri ulanyldy. Hytaý kompaniýasynyň wekilleri MU-MIMO tehnologiýasy arkaly şeýle ýokary tizligi hasaba alandyklaryny, bu tehnologiýanyň köp antennaly we birnäçe ulanyjy tarapyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi. «Huawei»-iň ýolbaşçylary bu ýokary maglumat geçiriş tizliginiň laboratoriýada däl, müşderilere hödürlenýän torda hasaba alnandygyny belleýärler. Mundan ozal iň köp 2 Gbps tizligini hödürleýän «Sunrise» kompaniýasy mundan beýläk has ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlär.

 

  • 25
  • 22.10.2019