MAKALA

Ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň Kubogy

Golaýda Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleriniň gyşky merkezinde ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy – diýlip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň ýaýdan ok atmak boýunça federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hemaýatkärliginde guralan ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 60-dan gowrak türgen gatnaşdy.

Ýaýçylar 3 toparda bäsleşdiler: kiçi topar, ýetginjekler topary we ulular topary. Bäsleşik Olimpiýa düzgüni boýunça utulanyň oýundan çykmagy görnüşinde geçirildi.

Ýaýçylar nusgawy ýaýlardan 12, 18 we 70 metr aralykdan, döwrebap ýaýlardan 18 we 50 metr aralykdan nyşana urmak boýunça bäsleşdiler.

Bu ýaryş 2019-njy ýylyň 21-29-njy noýabrynda Bangkokda geçiriljek XXI Aziýa çempionatyna saýlama bäsleşik boldy. Kubok ýaryşynyň jemi boýunça iň ökde ýaýçylaryň 5-si Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň sport abraýyny gorap çykyş eder.

  • 35
  • 22.10.2019