MAKALA

Dronlar arkaly ýük daşalar

Dünýäniň öňdebaryjy poçta aragatnaşyk kompaniýasy UPS dronlar (kiçi göwrümli uçarmansyz howa gämileri) arkaly ýük gatnatmak üçin degişli rugsady aldy. Munuň üçin giň gerimli taslama taýýarlan UPS şeýlelikde dronlar arkaly hyzmat etjek dünýäniň ilkinji awiakompaniýasy boldy. ABŞ-da alnan rugsatnama esasynda dronlar harytlary ammarlardan degişli salgysyna äkider. Kompaniýanyň dron gatnawlaryny «Flight Forward» atly bölümi ýöreder. Gijesine hem uçup biljek dronlaryň ýük göterijiligi 25 kilogram bolar.

 

  • 29
  • 24.10.2019