MAKALA

Badminton ýaryşy tamamlandy

Aşgabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda badminton boýunça birinjilik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda sportuň badminton görnüşini saýlap alan ýaşajyk türgenler özara güýç synanyşdylar.

Türkmen paýtagtynda guralan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryşda 24-nji mekdebe wekilçilik edýän okuwçylar ýeňiji boldular. 2-nji baýrakly orny 9-njy orta mekdebiň okuwçylary eýeledi. 3-nji orun bolsa 86-njy orta mekdebiň okuwçylaryna degişli.

Badminton ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport-sagaldyş lageri bilen “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi tarapyndan bilelikde geçirildi.

www.msy.gov.tm

 

  • 18
  • 24.10.2019