MAKALA

Žurnalymyzyň täze sany

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine hödürlenýän bu žurnalyň içinde döwürleýin neşirler bilen gyzyklanýan islendik adam üçin täsirli, çeper we ylmy makalalara duşmak bolýar.

Döwlet syýasatymyzy, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän harby özgertmelerini giňden wagyz edýän «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň täze neşiriniň başky sahypalaryny hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşiginiň pursatlaryndan alnan suratlar we bu barada ýazylan makala bezeýär. Onda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň görkezýän edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary, batyrlyklary sözüň doly manysynda aýdyňlaşýar.

Žurnalyň indiki sahypalarynda ýurdumyzda sebit ähmiýetli bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hakynda we onda hormatly Prezidentimize «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medalynyň gowşurylandygy hakynda gyzykly makala öz beýanyny tapýar.

Onuň yzysüresindäki sahypalary Birinji Hazar ykdysady forumy hakyndaky giň göwrümli makala eýeleýär. «Halk bähbitli maslahat» atly makala hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçen Türkmenistanyň Halk maslahatyna bagyşlanandyr.

Her ýylda ykballara şan beren Garaşsyzlyk baýramymyzyň adatyna öwrülen dabaraly harby ýörişiň hem-de baýramçylyk joşgunynyň beýanyny žurnalymyzyň täze sanyndaky «Garaşsyzlyk ykballara beýik şan» atly makalaň üsti bilen tanşyp bilersiňiz. Soňra hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmen alabaýy» atly kitaby hakyndaky makalany okamak mümkin. Onuň jemlenýän ýerinde bolsa, kitap bilen adybir «Türkmen alabaýy» atly hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ajaýyp şygry ýerleşdirilendir.

Döwrüň ösmegi bilen sanly ulgama geçmeklik meselesi esasy orunda durýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda sanly ulgama degişli «Sanly bilimiň gözýetimleri» atly Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw durmuşyndan söz açýan täsirli makala okyjyny duşundan geçirmeýär. «Bäsleşikler terbiýeçilik işiniň ähmiýetini artdyrýar» atly habar hem goşunymyzyň döredijilik üstünliklerini beýan edýär.

«Gümrük serhedi ygtybarly goralýar», «Önümçilik mümkinçilikleri — goşun üpjünçiliginiň binýady» atly goşunymyzyň durmuşyndan söz açýan makalalar owadan suratlar bilen berlipdir.

Halypa hormatyna ýazylan «Seniň eliň, meniň dilim hünäri, Nusga bolup galsyn ilden-illere» atly makala serhediň säherinden şamyna çenli ýoly külterlän serhetçi serkerdä bagyşlanandyr. Bu giň göwrümli makalada serhetçi serkerdäkiniň ömür ýoly, harby gullugy dogrusynda gyzykly maglumatlara duşmak bolýar.

Şeýle-de žurnalymyzyň şu sanynda «Saralan sahypalarda serhetçiler hakynda», «Türkmeniň gerçek ogly» ýaly atlar bilen taryhy makalalary, «Türkmenleriň sanjylýan ýaraglarynyň nusgawy görnüşleri», «Türkmen dilinde serhet adalgalarynyň morfologik usul arkaly ýasalyşy» ýaly atlar bilen bolsa, ylmy makalalary okap bilersiňiz.

Žurnalymyzyň ahyrky sahypalarynda bolsa, «Ýazuwyňyz şahsyýetiňiz kesgitleýjisi», «Hany, oýlanyp görüň!» atlar bilen taýýarlanan gysga maglumatlar çemeni we krosword eýeleýär. Şeýle-de žurnalyň daşky sahabyny serhet durmuşyny beýan edýän owadan suratlar bezeýär.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny, durmuşa geçirýän harby özgertmelerini giňden wagyz edýän «Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzüminiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, olaryň arasynda Watan mukaddesligini ýokary götermekde ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda žurnalyň giň okyjylar köpçüligine hödürlenmegi bezeg işleriniň, many-mazmun çeperliginiň ýokarydygyny doly subut edýär. Bu bolsa, žurnalymyza bolan islegiň artmagyna getirýär.

Şonuň üçin häzirki wagtda «Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly abuna ýazylyşygy hem yglan etdi. Žurnalymyza abuna ýazylmak üçin islendik okyjy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna ýüz tutup biler. Žurnalymyz size gyzykly makalalary, täsirli maglumatlary, ylmy, edebi we çeper eserleri bagyşlap biler. Şonuň üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň okyjysy bolmaga howlugyň!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 131
  • 24.10.2019