MAKALA

«Samsung» kompaniýasynyň iň kiçi kamera sensory

Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy has ýuka telefonlarda ulanmak maksady bilen dünýäniň iň kiçi kamera sensoryny işläp taýýarlady. «ISOCELL Slim GH1» atly sensoryň ululygy bary-ýogy 0,7 mikrometre deň. Bu sensoryň durulygy bary-ýogy 43,7 megapiksel. Hünärmenler «Tetracell» atly tehnologiýa arkaly durulygy pes sensorlar bilen düşürilen suratlaryň has dury boljakdygyny belleýärler. Bu sensor eplenýän ekranly smartfonlarda hem peýdalanylar. Golaýda kompaniýa durulygy 108 MP bolan sensory hem tanyşdyrypdy.

  • 23
  • 25.10.2019