MAKALA

Aşgabatda alpinistleriň festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzdaky demirýolçularyň seýilgähindäki «Agama» alpinistler klubynyň türgenleşik binýadynda daga dyrmaşyjylaryň «Akja taýak» atly festiwaly geçirildi.

Festiwala emeli gaýanyň üstüne çykmaga synanyşan elliden gowrak adam gatnaşdy. Olaryň aglabasy bolsa mümkinçilikleri çäkli bolan watandaşlarymyzdyr.

Dik ýokarylygyna gidýän diwara dyrmaşmaga synanyşanlaryň hemmesi, ýagny onuň ýokary başyna ýetenlerem, ilgençekleriň bir-iki sanysyna dyrmaşanlaram özüni ýeňiji hasaplap bilerler.

Öz-özüň bilen göreşilip gazanylan ýeňiş bolsa durmuşy has doly mazmunly hem gözel görnüşe girizýär.

Çärä gatnaşyjylar guramaçylaryň sertifikatlaryna hem-de gymmatbahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Şunuň ýaly festiwal bu ýerde 2017-nji ýylda hem geçirilipdi.

25-nji oktýabrda bolsa daga dyrmaşyjylaryň şunuň ýaly festiwaly Balkanabatda geçer. Alpinistleriň Balkanabatda ýerleşýän «Mert» kluby ol çäräni guramaga gatnaşar.

 

www.alpagama.org

  • 32
  • 25.10.2019