MAKALA

Goja

(Hekaýa)

Goja bu ýyl argyşa gidip bilmedi. Hywa ýoly alysdy. Ol bolsa garrapdy. Öňki mejaly ýokdy. Oba alaman çozanda garpyşyp, ýalňyz oglunyň wepat bolmagy bilini büküpdi. Ýöne entek aýak üstünde bolmagy gerekdi. Oglunyň maşgalasy, agtyjaklary bardy. Olary ekläp-saklamalydy. Orlup, desse-desse edilip başy boglan bugdaý birkemsiz gurapdy. Indi ony uzak saklaman döwmelidi. Ýogsam däne gatap, unuň hili peseljekdi. Goja döwek döwülýän meýdançanyň ortasyna dikilgi agajy yralap gördi. Bu agajy haçan dikendigi hem onuň ýadyndan çykypdy. Soňky ýyllar bugdaýy argyşa gidip getirýändikleri üçin, köpden bäri döwek döwmändiler. Agaç entek bekdi. Düýbi çüýremändi. Goja guran bugdaýy döwek agajynyň daşyna gyradeň ýaýratdy. Soňra iki sany eşegi döwek agajyna gapdallaýyn daňdy. Olaryň çetkisine uluja agtygyny mündürip, birsydyrgyn haýdamagy tabşyrdy. Eşekler häsiýetsizdi. Biri-birini depip, dişläp, oňşuksyzlyk edýärdiler. Olary sürmek oglanjyga aňsat düşenokdy. Eşekleriň aýagynyň astyndaky bugdaýyň döwlüş derejesi tekiz däldi. Işiň gidişi gojanyň göwnünden turanokdy. Goja beýle ýagdaýdan çykalga tapdy. Asla şeýtmek döwek döwýänlere ozaldan mälimdi. Ol eşekleriň gözlerini daňdy. Şondan soňra olar ýuwaşadylar. Oglanjygyň erkine tabyn bolup, döwek agajynyň daşyndan kadaly aýlanyp başladylar. Goja wagtal-wagtal çarşagy bilen döwek meýdançasyndan daş düşen bugdaýy eşekleriň aýagynyň aşagyna oklaýardy.

Bu hasyly kemala getirmek üçin çeken azabyny ýatlaýardy. Düme ekjek ýerini öküz goşulan azal bilen bir hepde töweregi sürüpdi. Ençeme ýyl bäri ekilmedik ýer gataňsydy, tekizligini ýitiripdi. Ýöne onuň ekilmän ýatmagynyň bähbitli tarapy hem bardy. Ýer dynjyny alypdy. Şonuň üçinem sepilen tohum gowy gögeripdi. Indi esasy umyt ýazyň ýagynly gelmegidi. Emma ýaz guraksy geldi. Asmanyň ýüzünde bulut bar bolsa-da, ýagaýjak ýaly görünse-de, ýagmaýardy. Bugdaý tüýs ösüşe duranda, suwsuz kösenýärdi. Goja nätjegini bilenokdy. Ol ahyrsoňy süýdüni sagyp, agtyjaklaryna içirýän geçilerini düme eken meýdanynyň ortasyndaky belendräjik ýere eltip daňdy. Owlagyndan aýrylan geçi sesinde baryny edip mäleýärdi. Goja geregi-de şoldy. Köneden gelýän yryma görä, gurakçylyk bolsa, bir wägirek geçini belent ýere eltip daňmalydy. Geçiniň uzynly gün wägirmesiniň haýry degdimi ýa-da şeýle ýagdymy, garaz, çabgaly ýagyş geldi. Ine, şol suwly ýagyş hem gojanyň dümesini halas etdi. Agtygy eşekleri kadaly haýdadýardy. Iş bolmalysy ýaly gidýärdi. Döwülýän bugdaýdan samanyň ýiti ysy kükeýärdi. Gün öýlä sananda, goja işi boldum etdi. Eşekleriň gözüniň daňysyny aýyrdy. Halys ýadandyklary üçin eşekler ýuwaşapdy. Biri-biri bilen garpyşmak indi olaryň ýadyna-da düşenokdy. Iň jogapkärli iş öňdedi. Çäji harpykdan saýlamak gerekdi. Goja çarşagy bilen döwlen bugdaýy ýokaryk zyňyp gördi. Ýeliň bady pes bolansoň, samanyň sowrulyşy göwnejaý däldi. Goja beýle ýagdaýda nädilýänini-de bilýärdi. Ol ýeliň pirini çagyryp, adaja sygyryp başlady. Wagtal-wagtal durup, ýel öwüsýärmi, ýok, diňşirgeýärdi, töwerekdäki agaçlaryň başy hellewleýärmi, ýok, synlaýardy.

— Ata, menem sygyraýynmy? — diýip, agtygy sorady.

— Bolýar, sygyraý! — diýip, goja rugsat berdi.

Agtygy iki barmagy bilen dilini epläp, gulagyňy deşip barýan derejede gaty hem dowamly sygyrdy.

— Bes et! — diýip, goja goluny galgatdy.

— Beýtseň, ýeliň piriniň gaharyny getirersiň. Onsoň ol tüweleý turzup, harmanymyzy dyr-pytrak eder. Adaja sygyrmak gerek!

Soňra onuň özi süýkdürip, ýuwaşja sygyryp başlady. Agtygy hem oňa eýerdi. Agaçlaryň başy galgap, ýel öwsüp ugrady. Gojanyň çarşagyny dolduryp göge oklaýan harmanynyň harpygy honda zyňlyp, dokja bugdaý dänelerinden göze ýakymly çäç emele gelip başlady. Goja harman atyp durşuna, özüniň garrandygynyň pikirini edýärdi. Şeýle hem yrymlar barada oýlanýardy. Wägirek geçini belent ýerde daňyp, ýagyş ýagdyrmak, sykylyk çalyp, ýel öwüsdirmek mümkindigini, ýene-de käbir yrymlary ol bilýärdi. Ýöne adam nädip uzak ýaşamaly? Şuny welin bilmeýärdi. Harmany atyp bolýança, Gün öýlä sandy. Hasyl aňrybaş bereketli däldi. Şeýle-de bolsa, goja hoşaldy. Eken dänesi ony ät goýmandy. Şol ýeterlikdi. Goja şükürli adamdy. «Gije ýel turmasa, ýagşy bordy» diýen umyt bilen samany ýygnamak işini ertä goýup, goja öýüne dolandy.

Hemra Şirow.

  • 27
  • 25.10.2019