MAKALA

Alyslardan gözbaşly dostluk

Jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşinde bilimiň we ylmyň orny hemişe uly ähmiýete eýe bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa iş saparynda Hirosaki uniwersitetinde eden çykyşynda belledi.

Haýsydyr bir ýurt häzirki zaman ösüşiniň öňdäki hatarlaryna çykanda, munuň özi onuň ylym-bilim ulgamynda ýokary derejä çykýandygyny aňladýar.

Alynýan bilimleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermek, adamlary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary häzirki zaman dünýä ylmynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekmäge ýardam etmek, giň medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmek bilen, döwlet geljegi uly ugurlara — adama, onuň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Munuň özi ýurduň geljegine goýulýan maýadyr diýip, milli Liderimiz şol çykyşynda nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu uniwersitetde türkmen talyplary bilen duşuşygy we olara «Türkmen alabaýy» atly kitabyny sowgat bermegi has-da täsirli boldy.

Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegi baradaky tagallalary bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Munuň özi özboluşly intellektual diplomatiýa, dürli ýurtlaryň hem-de halklaryň bilim we ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy halka, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gününe we geljegine barýan ygtybarly köpri bolup durýar.

Ýurdumyz Ýaponiýanyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda toplan öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu ugurda döwletleriň oňyn tejribe gazanandygyny hem bellemek zerurdyr. Ýaponiýanyň iri ylmy-barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ýokary hünärli işgärlerini taýýarlamak, şeýle hem nanotehnologiýalar ulgamynda we ýokary girdejili önümçilikleri döretmekde tejribe alyşmaga gönükdirilen işler giň gerime eýe boldy. Häzirki döwürde döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry aýratyn möhüm bolup durýar. Medeni ugurda hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Medeni çäreleriň — sergileriň, Ýaponiýanyň günleriniň, kinofilmleriniň görkezilişiniň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hem-de wekiliýetleriň alşylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmen talyplary bilen Ýaponiýanyň dürli ylmy merkezlerinde, şeýle-de ýapon talyplary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw sapaklary ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär. Ýaponiýanyň türkmen talyplary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça “MIRAI” maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary eýýäm birnäçe gezek Ýaponiýada okuw saparynda boldular. Şeýle-de birnäçe gezek ýapon talyplary hem-de professor-mugallymlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde saparlarda boldular.

Türkmen, ýapon halklaryny birleşdirýän dostlukly gatnaşyklaryň taryhy umumylygy medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi bilen Gündogary Günbatar bilen birleşdirýän möhüm halka bolandygy hemmämize mälimdir. Şondan ugur almak bilen, Ýaponiýanyň muzeýlerinde türkmenleriň taryhyna degişli gymmatlyklaryň saklanmagy türkmen-ýapon medeniýetleriniň möhüm yzlaryny alamatlandyrýar.

Däp bolan dostluga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugry hil taýdan täze derejä göterilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan işler bolsa bu gatnaşyklaryň mundan buýana hem ösmegine ýardam edýär.

Akmuhammet Jumagulyýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

  • 34
  • 25.10.2019