MAKALA

Erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi

2003-2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi.

Ýaryşa 200 töweregi türgen gatnaşyp, olar 10 agram derejesinde bäsleşdiler. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligine welaýatlara wekilçilik edýän türgenler hem netijeli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu ýerde Ahal we Balkan welaýatlarynyň türgenleriniň has tapawutlanandygyny bellemelidiris.

«Galkynyş» bedenterbiýe sport-sagaldyş toplumynda geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça N.Baýramdurdyýew (45 kg.), H.Çaryýew (48 kg.), G. Ataýew (51 kg.), A.Saparow (60 kg.), Y. Saparnyýazow (55 kg.), M.Orazow (65 kg), 71 kg D. Mammadow (71 kg.), F. Annamyradow (80 kg.), A. Saparmammedow (92 kg.), B. Gurbanyýazow (110 kg.) dagylar öz agramlarynda ýeňiji boldular.

Ýaryşda tapawutlanan türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary, Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň we hemaýatkärleriň sowgatlary gowşuryldy.

www.msy.gov.tm

  • 23
  • 26.10.2019