MAKALA

Türkmeniň gerçek ogly

Halkymyzda «Suw akar, daş galar» diýlen aýtgy bar. Geçmişde şöhratly yz galdyran Oguz han, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Soltan Sanjar, Alp Arslan, Mälik şa, Baýram han, Keýmir serdar, Myrat serdar, Nurberdi han, Gowşut han, Gurbanmyrat işan, Dykma serdar ýaly we başga-da ençeme beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly halkyň hakydasynda müdimilik galdy. Halkyň ykbalyny öz ykbaly saýyp, adamlaryň eşretli durmuşy, Watanyň asudalygy üçin şirin janyny-da aýaman, iliň, ýurduň ýüküni gerdeninde götermegi başaran şeýle nusgalyk şahsyýetleriň biri-de Hojamşükür handyr.

Hojamşükür han 1792-nji ýylda Ahalyň gadymy Yzgant obasynda öz döwrüniň il sylagly, sowatly adamsy bolan Nazar mollanyň maşgalasynda dünýä inýär. Häzirki wagtda bar bolan maglumatlara görä, Nazar mollanyň Hojamşükür, Sary, Begnazar atly ogullary we Aknabat atly gyzy bolan. Ol çagalarynyň bilimli, sowatly adamlar bolup ýetişmegi üçin alada edipdir. Nazar molla Hojamşüküriň ähli babatda öz ornuny tutup, ýoluny ýöredip biljekdigini aňyp, oňa Buhara medresesinde okamaga mümkinçilik döredipdir.

Şol wagtlar suwly ýerleriň ilata azlyk edeni üçin ahally çarwalaryň bir bölegi Gowşut sebitlerindäki ýerlere göçüp gelipdirler. Emma häli-şindi suwuň kesilmegi we beýleki tebigy sebäpler zerarly, olar bu ýerden hem 10-12 çakyrym gaýrak, demirgazyk arka tarapa göçüpdirler we özara bäş topara bölünip, bäş sany gala salypdyrlar. Ol galalar: Heňňamgala, Akjagala, Garajagala, Gumgala, Garahan (Torly) galalardyr.

1823-nji ýylda Hojamşükür hem Bäşgala gelýär. Ol özüne ynanylan hanlyk wezipesini dolandyrmak işine başlamazyndan öň, ýerli ýaşulular bilen maslahatlaşyp, bäş sany wekili bilen bäşgalalylar üçin gaýtadan amatly ýaşaýyş ýeriniň gözlegine çykýarlar we çarwaçylyk hem daýhançylyk üçin iň amatly ýeriň Sarahs sebitleridigini anyklaýarlar. Soňra olar halk bilen maslahat edip, göçmek barada netijä gelýärler. Şeýlelikde, 1824-nji ýylyň nowruzy döwründe Sarahsa göçýärler. Göçmän galmak isleýänleri bolsa öz ygtyýaryna goýýarlar.

Hojamşükür hanyň durmuşa geçirýän bähbitli işlerini gören halk oňa barha ysnyşýar. Olar öz hanynyň beýleki galalaryň hanlary bilen gatnaşyk, birek-birege kömek bermek, asudalygy berkarar etmek, goňşy halklaryň arasynda abadançylygy ýola goýmak meseleleri oňyn çözmekde görelde görkezendigine durmuş üsti bilen göz ýetiripdirler we ony çäksiz hormatlapdyrlar.

Hojamşükür han ýaşulular bilen maslahatlaşyp, Sarahsda derwaýys bolan goşuny döredipdir. Ol Baba onbegi ogly Garaoglan hanyň, Jylaw serdar ogly Amansähet serdaryň, Annaguly ýaglynyň ogly Oraz ýagly hanyň, Hajygaplaň Aýmet oglunyň, Nazar batyryň, Seýitli begiň, Kelhan kepeläniň hem beýleki birnäçe serdarlaryň, batyrlaryň, Mämmetweli Kemine ýaly ylymly ulamalaryň kömegi bilen öz garamagyndaky ýerlerde tertip-düzgüni berk ýola goýupdyr.

Goňşy ýurtlaryň hanlarydyr raýatlary Hojamşükür hanyň parahatçylyk ugrunda tutanýerli iş alyp barşyndan, asudalygyň, agzybirligiň, doganlyk gatnaşygynyň ýola goýluşynyň günsaýyn mäkämleşmeginden hoşal bolupdyrlar.

Hojamşükür han her ýylyň nowruzynyň ýedi gün öňünden, şeýle-de güýz paslynyň başynda mülkünde uly sadaka berer eken. Oňa tutuş halk hem-de goňşy ýurt hanlyklarynyň adamlary çagyrylypdyr. Ýazky sadakadan soň uly maslahatlary gurap, il-günüň baş esen bolup, mal-garalaryň köpelip, ekin-tikinleriň bereketli bolup, ýazyň akly, güýzüň gökli gelmegini Allatagaladan dilär ekenler.

Ýaşlaryň hatly-sowatly bolmagynyň zerurdygyna, sowatsyzlygyň köre-körlüge eltýändigine gowy düşünen Hojamşükür han öz raýatlygyndaky oturymly ýerlerde we çarwalaryň arasynda okuwy-ylmy ösdürmek üçin tagalla baryny edipdir. Ol molla Keminäniň baştutanlygynda sowatly mollalaryň birnäçesi bilen mekdep-medrese meselesini hem ýola goýupdyr.

30 ýyldan-da gowrak halkyna hanlyk eden Hojamşükür 1853-nji ýylda hanlykdan aýrylýar. Ýerine Hojamşüküriň soňky ýyllardaky baş serdary, öz ýegeni Gowşut hanlyga göterilipdir. Hojamşükür bolsa baş geňeşdar — aksakgal edilip bellenipdir.

«Düýe garrasa, köşegine eýär» diýlişi ýaly, Hojamşükür han öz ýegeni Gowşut hanyň baş ýardamçysy — geňeşdary bolup, işini dowam etdiren.

1862-nji ýylda Hojamşükür han Mara göçüp gelýär. Ol Wekilbazarda garyndaşlarynyň arasynda ýurt tutunýar.

1878-nji ýylyň ahyrlarynda Hojamşükür Tejene göçüp gaýdýar. Ol 1881-nji ýylda 90 ýaşynyň içinde häzirki Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Köpgaranyň ýurdunda ýurduny täzeleýär.

Mirasgärleriň irginsiz eden tagallalary netijesinde 2018-nji ýylyň güýzünde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil geňeşliginiň çägindäki Tejen—Babadaýhan garaýolunyň çep tarapyndaky Hasyl obasynyň bagynyň gabat gündogarynda, takmynan 1 km aradaşlykda «Hojamşükür han» gonamçylygynyň ýerleşýändigi we onuň guburynyň daşyna daşyň ýüzüne bellik edilendigi anyklanyldy.

Hojamşüküriň, Sarynyň, Begnazaryň nebereleri Tejende, Ahalda, Maryda ýaşaýarlar. Hojamşükür hanyň başdaş aýaly Dessegülden bolan ogluna Nurberdi han, onuň ogluna Nurmyrat han diýilýär. Onuňam Atajan batyr, Anna Pisek, Daş batyr atly üç ogly bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys» diýip nygtady.

Taryhda öçmejek yz goýan şeýle gaýduwsyz pederlerimiziň şöhratly ýollary ösüp gelýän ýaşlarymyzy belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup durýar. Olaryň nusgalyk ýollaryny giňden öwrenip, nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Çarymyrat Garahanow.

  • 49
  • 26.10.2019