MAKALA

Sanly bilimiň gözýetimleri

Döwür bilen aýakdaş hereket etmek üçin ýokary tizlikde gün-günden kämilleşýän häzirki zaman dünýäsinde ösen ylmyň gazananlaryny durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu özgerişlikleriň yzygiderliligi gündelik ýaşaýşymyzyň ähli gurşawlaryna öz täsirini ýetirip, güýçli depginde we okgunly bolup geçýär. Ol bolsa maglumatlaryň we hyzmatlaryň ulanyjylara, olaryň nirede we haçan bolýandygyna garamazdan, hemişelik esasda elýeterli edilýändigini aňladýar. Muny üpjün etmek üçin kompýuter enjamlarynyň täze görnüşleri (smartfonlar, planşetler we ş.m.), şeýle hem maglumat gorlary we hyzmatlary bilen işlemegiň täze tehnologiýalary («bulutlaýyn» tehnologiýalar) peýda boldy. Şu nukdaýnazardan, döwrüň talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamak meselesinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň jogapkärçiligi ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim ojaklarynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

«Bulutlaýyn» tehnologiýalar bilen sanly bilim gorlaryny işläp taýýarlamak, bilim işine gatnaşyjylaryň tor boýunça özara işleşmegini gazanmak, uzak aralykdan okuwlary guramak, sowatly hünärmenler bilen bilim ojaklaryny üpjün etmek, bilimiň dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmak ýaly ugurlar Konsepsiýanyň esaslary bolup durýar.

Harby ulgamda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň, ýagny okatmagyň elektron usulynyň girizilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi hünär taýýarlygynyň her bir tapgyrynda, ylmy barlag işlerinde we bilim ulgamynyň ähli okuw usulyýet işlerinde innowasion tehnologiýalar bir wagtda iki funksiýany, ýagny enjam hem-de bilim obýekti funksiýalaryny ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynda Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde giňişleýin işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda institutymyzyň ýörite enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda gurnalan teleköpri arkaly Gullugymyzyň harby bölümleri bilen wideoşekilli okuwlaryny geçmek mümkinçiligi döredildi.

Bulutlaýyn tehnologiýada işleýän portalyň kömegi bilen mugallymlar öz okadýan sapaklary boýunça harby talyplar bilen sanly okuw sapaklaryny gurnaýarlar. Şeýle-de portalda barlaglary geçirmek, awtomatiki bahalandyrmak, mugallymlar bilen mowzuklar boýunça sms arkaly söhbetdeşlik guramak, gerek bolan maglumatlary gözlemek ýaly mümkinçilikleri hem bar.

Institutymyzyň elektron kitaphanasyna kitaplaryň müňlerçesi ýerleşdirildi. Wirtual bilim giňişligini peýdalanmak bilen, pedagogiki işgärleri innowasion işe taýýarlamaklygyň talaby hökmünde mugallymlar bilen portaly ulanmak boýunça okuw-usuly sapaklary yzygiderli guralýar. Pedagogiki ulgamyň innowasion mümkinçiliklerini peýdalanyp, sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegi hökmany talap bolup durýar.

Bilimiň hiliniň öňdebaryjylyk talaby mugallymlaryň häzirki wagtda diňe bir ylymdaky, tehnikadaky ösüşler bilen tanyş bolmagyny üpjün etmän, eýsem olaryň hünär taýdan yzygiderli kämilleşmelidigini aňladýar. Häzirki zaman ylymlaryndan baş çykarýan mugallymlara pedagogikanyň nukdaýnazaryndan seredenimizde elektron okuwlary ygtybarly ulanyp, talyplaryň bilim derejelerinde ýokary netijeleri gazanmak mümkinçiligi bar. Ýagny okatmagyň adaty däl usullarynyň we ösen tehnologiýalaryň peýdalanylmagy talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.

Bilim ynsanlaryň bagtyýar durmuşynyň açary. Şu jähtden, ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça maksatnamanyň yglan edilmegi tötänden däldir. Ilki bilen bellemeli zat, bu syýasat milli Liderimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak ugrundaky aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Düýpli ykdysadyýete eýe bolmak üçin ýokary bilimli işçi güýjüniň ilkinji nobatdaky zerurlykdygyny ösen döwletleriň tejribesi juda aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amal edýän parasatly syýasaty hem halkymyzyň aň-bilim mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde ylym, bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri watançy ýaşlary, kämil hünärmenleri taýýarlamak işlerimiziň has-da ilerlemegine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.

 

Sona Nazarowa,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň usulçysy.

  • 25
  • 31.10.2019