MAKALA

Ajaýyp eserler — nesilleriň buýsanjy

Mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklary hakynda söhbet açýan her bir eseri taryhy maglumatlara, ylmy çeşmelere baýlygy bilen, ünsüňi özüne çekýär. «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr» diýmek bilen, eziz Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda merdana pederlerimiziň wepaly itini ýetişdirmek üçin çeken zähmetini inçelik bilen beýan edýär. Şeýle zähmetiň netijesinde türkmen alabaý iti hut türkmeniň tarypy tükenmez bedew atlary, arwana düýeleri, saryja goýunlary ýaly, asyrlaryň synagyndan geçip, özüni ykrar etdirmegi başarypdyr.

Kitapda «Türkmen alabaýlary wepalylygyň, edermenligiň, sagdynlygyň ýaranydyr», «Alabaý iti türkmeniň aslyna, özenine kybapdaşdyr» diýen çuň paýhasa ýugrulan sözler okyjynyň buýsanjyny goşalandyrýar. Taryhyň dowamynda türkmen alabaýlary wepalylygyň, ýanbermez edermenligiň nusgasyny görkezip gelipdir. Munuň özi şeýle edermen itleriň gaýduwsyzlygynyň türkmen halkymyzyň asyl häsiýetine kybapdaşlygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han türkmenden gaýdýan merdana pederlerimiz edermen halk hökmünde özüni ykrar etdirip gelipdir.

Her bir eseriň gymmaty — ýatda galyjylygy, maglumata baýlygy, gyzyklylygy, beýan ediliş aýratynlygy, okyjyda buýsanç duýgularyny oýaryp bilýänligi bilen ölçelýär. Bu ýagdaý täze kitabyň her bir jümlesine mahsusdyr. Munuň özi okyjylaryň kalbynda ata-babalarymyzyň asylly zähmetine bolan hoşallyklary artdyryp, olaryň nesillere miras goýan beýik işlerine bolan egsilmez buýsanjy oýarýar.

Ajaýyp işler nesillere ýörelgedir. Eziz Arkadagymyz döwet galamynyň astyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitaby bilen halk buýsanjyny artdyrdy. Goý, mähriban Arkadagymyzyň geljekde hem halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrjak eserleriniň höwri köp bolsun!

 

Ezizmuhammet Atdaýew,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

  • 21
  • 31.10.2019