MAKALA

Harby gulluga kabul ediliş çäreleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylda harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümi dowam edýär.

Harby gulluga çagyrylýan ýetginjekleri harby gulluga kabul etmek çäreleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem guramaçylykly geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümine çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýan geljekki ýurt goragçylarymyz bilen geçirilýän täsirli çäreler ýigitleriň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolup galýar.

Döwlet araçäklerimiziň asudalygyny goramagyň bagtyýar, eşretli zamanamyzyň belent ösüşlerine öz mynasyp goşandygyňdygy, ykballara berlen soňlanmaz serpaýdygy belli. Ata-babalaryň batyrlyk, edermenlik, mertlik hakyndaky pentlerini ýörelge edinýän bu günki harby gulluga çagyrylýan raýatlar parahat ýaşaýşyň merdana goragçylary bolup orta çykar. Bu bolsa bagtyýarlygyň kepili bolup, ykbalyň gaýtalanmajak pursatlaryna öwrülip, bizi ak arzuwly geljege atarar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 46
  • 31.10.2019