MAKALA

Türkmen samboçysy dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly samboçy hormat münberine çykdy. «Olimp» orta sport mekdebiniň uçurymy Ýeňiş Taganow 81 kilograma çenli agramda dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.

«Özbegistan» sport toplumynda guralan dünýä çempionatynyň dowamynda ýaşlar we ýetginjekler dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşdiler. Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda guralan ýaryşlaryň jemi boýunça umumylykda medallaryň eýeleri belli edildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ýeňiş Taganow öz deň-duşlarynyň arasynda gazanylan medalyň dowamly bolmagyny gazanmak üçin yhlas edýär. Ol 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görýär.

 

www.msy.gov.tm

 

  • 36
  • 31.10.2019