MAKALA

Türkmenleriň sanjylýan ýaraglarynyň nusgawy görnüşleri

Ata-babalarymyzyň synmaz döwletleri gurup, taryhda uly üstünlikleri gazanmaklary harby hünäre ussat il-ulus bolandygyndan gelip çykýar. Bu ildeşlerimiziň öz döwrüniň diýseň kämil ýaraglarynyň eýesi bolandyklaryna taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologik gazyp agtaryşlaryň netijesinde çykarylan tapyndylar hem şaýatlyk edýärler. Şu makalada ildeşlerimiziň harby kär-mesleginde ulanan sanjylýan ýaraglary barada söhbet etmekçi.

Sanjylýan ýaraglar – ýakyn aralykda söweş çaknyşyklary amala aşyrylanda duşman esgerini sanjyp ýaralamakda ulanylan harby enjamlardyr. Bu ýarag belli bir aralykdan garşydaşa tarap zyňlyp hem ulanylypdyr. Halk içinde bu ýarag ulanylanda «dürtülip ýaralandy», «bedenine sapladym» ýada «zyňyp çümdürdim» şekilinde dile getirilmesi-de bar. Sanjylýan ýaraglar adamzadyň müňlerçe ýyllardan bäri ulanyp gelýän gadymy ýarag görnüşidir. Ynsanyýet taryhynyň has irki çaglarynda, ýagny ilki durmuş adamsynyň daşy işläp bejerip, gural ýasamagy öwrenen we misi eredip almagy öwrenen eýýamlarynda dürtülip ýa-da sanjylyp ulanylýan ýaraglaryň uçlary daşdan ýasalypdyr. Gadymy adamlaryň bürünçden gural ýasap başlan eýýamynda bu ýaraglaryň uçlary bürünçden, demir eredip almagy öwrenen döwürlerinden soňky zamanlarda bolsa demirden çümüji uly «demirenler» ýasalyp, ýarag uçlaryna dakylypdyr. Ildeşlerimiz ýaýyň oky bolan peýkamyň ujundaky uçluja çümüji demir bölegini hem «demren» ýa-da «temren» diýip atlandyrypdyrlar.                                         

Sanjylýan ýaraglaryň taryhda iň meşhur bolan nusgasy naýzalardyr. Taryhyň has irki döwürlerinden bäri adamogly tarapyndan ulanylyp gelnen naýza ýaragy barada sözlüklerde şeýle kesgitleme berilýär: «Irki wagtlarda uzyn agajyň ujuna (demir tyg-K.B.) berkidilip ulanylan çiş görnüşli sowuk ýarag».  [5. 61 s.] Naýza iki bölekden, dürli uzynlykda ýasalan agaç sapdan (tutardan) we ýiti uçly tygdan emele gelipdir. Atalarymyz naýzany uruşdadyr türgenleşikde diýseň kämil ulanyp bilýän, ýagny, «oýnap bilýän» goşun esgerine «naýzaçy» ýa-da «naýzabaz» diýipdirler. Ildeşlerimiz geçmişde naýzany söweşlerde ussatlyk bilen ulanmaklygy başarypdyrlar, halk içinde ady illeridir ýurtlary aşan naýzabazlar bolupdyrlar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Öňi-ardy bilinmez» atly şygrynda:

«Üç müň naýzabazy bardyr nökerden, Tört müň pildary bar gala ýykardan,...» [3. 103 s.] diýip ýazýar.

Naýzanyň geçmişde ildeşlerimiz tarapyndan örän gereklenen sowuk ýarag bolandygyny oguznamalarymyzdyr dessanlarymyzdan hem bilip bolýar. «Görogly» şadessanynda Yspyhana ýarag edinmäge gideninde ussatlyk görkezip, «kişiniň gözüniň ýagyny iýýän, ýaşyl naýzany» alyp gelen Görogly beg (şadessanyň «Kyrk müňler» şahasynda) türkmeniň at üstünde naýza oýnaýşyny ýigitlerine şygyr bilen şeýle beýan edýär:

«Atlar aýdar, men bökerem,

Naýza aýdar men sökerem,

Pürkdürip ganlar dökerem,

Atym ýyndam bolan çagda.» [4. 394 s.]

Ýene Görogly beg Mustapa beg bilen aýdyşygynda: «Ozal maňa naýza tutdyň, Dön söweş et, Mustapa beg!» diýýär. [4. 238 s.] Geçmişde ildeşlerimiz naýzalary uzynlygyna görä dürli atlandyrypdyrlar, munuň şeýledigini şol köne döwürlerden biziň döwürlerimize gelip ýeten oguznamalarymyzdyr dessanlarymyzdan öwrenip bolýar.

Gönder. «Gönder» diýlip – oguznamalarda «altmyş tutam» uzynlykly naýza aýdylypdyr. «Däde Gorkut» eposynyň «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýynda» Garajyk çopan Salyr Gazana: «Altmyş tutam gönderini ber maňa» [8. 31 s.] diýýär. «Däde Gorkut» eposynyň ýene bir ýerinde bolsa «Çaldygyňa gara polat öz gylyjyň gädilmesin!, Dürtüşeňde ala gönderiň kiçelmesin (ufanmasyn)!» diýlen setir bar.

Bu setirlerde agzalýan gönder bilen beýleki sanjylýan ýaraglarda ediläýjek hereketden biraz uzagrakda duran duşman atlysyny atdan agdarmak oňaýly bolupdyr. Ýaragyň umumy uzynlygy ýokarda agzalyşy ýaly, adam eliniň aýasynyň «altmyş tutumyna» deň bolupdyr. Bu sanjylýan ýarag at üstünde ortaragyndan tutulyp ulanylypdyr. Türkmenleriň atly oýunlarynyň biri bolan «Äragdarma» oýnunyň bir görnüşi «gönderleme» diýlip atlandyrylýar eken. «Gönderleme» oýny söweşleriň gidip duran mahalynda bu ýaragy nähili ulanmalydygyny öwredýän türgenleşik oýny bolupdyr. [6. 7376 s.] «Gönder» sözi «göni ugrukdyrmak», «göni sançmak» manysyndadyr. Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň atly oýunlarynyň geçmişde we şu günde halkymyz üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny «Mertler Watany beýgeldýär» atly eseriniň «Atly gerçek» babynda takyk belläp geçýär. [1. 85115 s.s.]

(Dowamy bar)

 

Kakajan Baýramow,

Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

  • 22
  • 31.10.2019