MAKALA

Sagatdaky tizligi 100 km

Germaniýanyň “Lilium” şereketiniň işläp düzen, dikligine göterilip hem-de gonup bilýän uçýan ulagy synagdan geçirildi. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň tizliginiň sagatda 100 km-den geçendigi mälim edildi. Bäş orunlyk ulagyň ilkinji synagynyň üstünlikli tamamlanandygy we köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýuljakdygy mälim edildi. Bu ulag 100 sagatdan gowrak uçup, dürli synaglardan geçirildi. Şereketiň ýolbaşçylary elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulagyň 2025-nji ýyldan başlap, iri şäherlerde ulanylyp başlanjakdygyny mälim etdiler. Häzirki wagtda 350 işgäri bolan “Lilium” şereketi Mýunheniň golaýynda ikinji önümçilik desgasyny gurup, işgär sanyny 500-e ýetirmegi maksat edinýär. Uçýan taksiniň ganatlarynda 36 sany kiçi göwrümli hereketlendiriji bolup, olaryň umumy kuwwaty 2000 at güýjüne barabar. Ulag taýýar bolanynda, onuň sagatdaky tizligi 300 km-e ýeter we bir gezeklik zarýady bilen 300 km ýol geçer.

 

  • 25
  • 31.10.2019