MAKALA

Türkmen türgenleri «Bosfor-Stambul kubogy 2019» atly ýaryşa gatnaşarlar

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerine uly üns berilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin hem şertler döredilýär.

2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 25-30-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Buzda typmagyň halkara birleşiginiň (ISU) maksatnamasyna laýyklykda, «Bosfor-Stambul kubogy 2019» atly halkara ýaryş geçirilýär. Şol ýaryşa Türkmenistanyň Gyşky sport görnüşleriniň milli merkeziniň türgenleriniň gatnaşmagy meýillesdirilýär.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň Buzda typmagyň halkara birleşiginiň agzalygyna kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň halkara ýaryşlaryna wekilçilik etmegine giň ýol açyldy. Bu bolsa, birleşigiň baýdagynyň astynda geçýän iri halkara ýaryşlara, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama bäsleşiklerine türkmenistanly figuralaýyn typyjylaryň gatnaşmagyna mümkinçilik berer.

 

www.msy.gov.tm

 

  • 12
  • 04.11.2019