MAKALA

Türkmenleriň sanjylýan ýaraglarynyň nusgawy görnüşleri

(Dowamy)

Süýngi. «Süýngi» – sanjylýan ýaraglaryň bir görnüşiniň atlandyrylyşy bolup, onuň «süni», «süýni», «süňi» ýaly aýdylyşy hem bardyr. Bu ýaragyň ady-da «Däde Gorkut» eposynda agzalýar: «Gargy daly (şahasy) süýngümi ne halamaýarsyň? Göwsüňi deşip göge pyrlar.»; «Gargy daly süýngüler bilen gyryşdylar, meýdanda buga kibi süsüşdiler, göwüsleri deşildi, süýngüleri gyryldy, biri-birini alyp bilmediler.»; «Gazana geýim getirdiler, gylyç, süngü, çomak we başga söweş araçlaryny geýdirip donatdylar». [8. 231 s.]

«Süýngi» ady türkmenleriň «süýnmek» sözünden gelip çykypdyr. Süýngüniň umumy uzynlygy iki-üç metr çemesi bolupdyr. Süýngi naýzasy bilen söweşlerdäki ýakyn çaknyşyklarda duşman esgeri dürtülip heläklenipdir. Bu ýarag zyňyp ulanmaga-da oňaýly bolupdyr. Türkmenleriň atly oýunlarynyň biri «süňi zyňma» (ýa-da «süýngi zyňma») oýnunda öwrenilen hereketler harby türgenleşik tälimi bolmak bilen, söweş mahalynda süýngüniň nähili ulanylmalydygyny öwredipdir. [6. 6972 s.] Gargy gamyşynyň galyňlygynda we uzynlygynda tutary bolan süýngülere «gargy süýngi» diýlipdir. «Gargy daly süngüsini himmet berdi». [8. 201 s.]

Jyza. «Jyza» (ýa-da «jyda») – oguznamalarymyzda we dessanlarymyzda köp agzalýan sanjyjy ýaraglaryň biridir. «Däde Gorkut» eposynda «Ala höwren süýri jydamy saklardym, bu gün üçin, güni geldi; Gaba garyn, giňiş göwüsde oýnadaýyn, seniň üçin!»; [8. 99 s.] «Ala höwren süýri jydalar süsüldi»; [8. 102 s.] «Gargy jyda oýnadanlar bardy-geldi, Altyn jyda oýnadana ýarab ne oldy?» [8. 107 s.] ýaly setirler bar. «Däde Gorkut» eposynyň «Gazan begiň ogly Orazyň tutsag oldugy boýy» şahasynda hem Burla hatyn Gazana: «Eliňdäki süýri jydaňy, Ýanyňdaky gök polat gylyjyňy ber maňa, ýigit» [8. 116 s.] diýýär. «Görogly» şadessanynyň «Öweziň halas edilişi» şahasynda jyzany harby çaknyşyklarda köp ulanan Görogly beg ýigitlerine ýüzlenip aýdan şygrynda: «Uruşda Gyratym düşer dilime, Şemşeri, jyzany alsam elime» [4. 218 s.] diýýär. Ýene Görogly beg Mustapa beg bilen aýdyşygynda: «Men durdum jyza parladyp, Dön söweş et, Mustapa beg!» [4. 239 s.] diýýär.

Bu setirlerde agzalýan jyza ýaragyň uzynlygy bir metr töweregi, ýagny, alahöwren ýylanyň uzynlygynda bolupdyr. Jyzalar gynda saklanypdyr. Üç jyza gyny ýan-ýana baglaşyp, bir jyza gynyny emele getiripdir. Şeýlelikde bir urşujy üç jyzany göteripdir. Bu sowuk ýarag örän ýakyn aralykdaky söweşlerde ulanylypdyr. Bu agzalanlar naýzanyň dürli uzynlykdaky görnüşleridir. Bu sebäpli, adybir eposdaky ýokarda agzalanlar Türkmenistanda neşir edilen «Gorkutata» halk eposynda «naýza» diýlip atlandyrylyp: «Eliňdäki sur naýzaňy, Ýanyňdaky gök poladyňy maňa bergil, ýigit» [2. 42 s.]; «Altmyş tutam naýzaňy bergil maňa» [2. 42 s.] şekilinde ýazylypdyr.

Naýza ýönekeý sowuk ýarag hem bolsa, häzirki döwürde söweş enjamlarynyň nä derejede kämilleşdirilip ýokary hile ýetirilişi ýaly, geçmişde has kämilleşdirilmäge çalşylypdyr. Naýzany has uzak aralyga zyňyp biljek bir enjam oýlanyp tapylypdyr. Ol gural özen hem-de tutawaç bolup hyzmat edýän esasy süňkden we naýzanyň yz tarapyny gapjap saklamak maksady bilen esasy süňke berkidilen başga bir süňkden emele gelipdir. Bu naýza zyňyjy enjam naýzany has uzaga uly tizlikde zyňmaklyk üçin ulanylypdyr.

Topuz. «Topuz» (ýa-da «topyz») sowuk ýaragyny hem sanjylýan ýaraglaryň hataryna goşup bolar, bu ýaragy ulanýan esger harby çaknyşyklarda duşman esgerini hem urup hem dürtüp heläkläp bilipdir. Onuň umumy gurluşy edil çomagyňky ýaly bolmak bilen, diňe ujunda çümüji tygynyň bardygy bilen tapawutlanýar. Ol urulyp we sanjylyp ulanylan ýaragdyr. Topuzyň ýokarky ujy çomagyňky ýaly tokga ýenjiji bölek we ondan soň bolsa çiş tyg bilen tamamlanypdyr. Topuzyň «dilimli topuz» diýlip atlandyrylan alty perli gürzä (şeşpere) meňzeş görnüşi hem bolupdyr. [7. 4 s.] Ýokarysynda çomak tokgasy däl-de, gürziniň dilim-dilim tokgasynyň bolmagy we ondan soň çiş tygynyň çykyp durmagy onuň tapawudy bolupdyr.

Tüpeňiň çişi hem sanjylýan ýaragdyr. Ol atyjy ýarag bolan tüpeňiň ujuna berkidilipdir. Petepet, ýüzbe-ýüz ýagdaýlardaky çaknyşyklarda ujy çişli tüpeň bilen hem naýzada edilýän hereketler ulanylyp, duşman esgeri heläklenip bilinipdir.

 Görogly begiň: «Pyçak, hanjar ýakyn araň ýaragy, Tutuşanda ol ýigidiň geregi» diýşi ýaly, çaknyşykda gerek bolan halatynda urşujylar pyçak, hanjar, gylyç ýaly kesiji sowuk ýaraglary hem sanjyjy ýarag hökmünde ulanypdyrlar. [7. 4 s.] Aslynda hanjaryň ujy demirden edilen «sowut» atly gorag «köýneginiň» biri-biriniň içine ildirilen demir halkajyklarynyň arasyna sokup bolaýjak şekilde inçe çiş görnüşde bolup, bu ýarag esasan dürtüp ulanylmakdadyr. Ýakyn taryhy döwürlerde watansöýer ildeşlerimiz Gökdepedir beýleki söweşlerde goýun ýüňi gyrkylýan uly gaýçy «gyrkylygy» söküp, uzyn taýagyň ujuna berkidip, naýza ýasap, sanjyjy ýarag hökmünde ulanandyklaryny çeşmeler habar berýärler. Meşhur atyjy ýaraglar bolan ýaýlaryň oklary-peýkamlar hem, atylandan soň duşman bedenine sanjylmakdadyr. [7. 4 s.]

 

Kakajan Baýramow,

Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri. СИЧЕСКИЕВИДЫКОЛЮЩЕГООРУЖИЯТУРКМЕН

  • 15
  • 04.11.2019