MAKALA

Düwmelerini köpeltdi

«Microsoft» kompaniýasynyň hünärmenleri 1994-nji ýylda ilkinji gezek geçmiş duýgularyna berlip, korporatiw web-saýtynyň göçürmesiniň nusgasyny dikelden bolsalar, golaýda çärýek asyrdan soň, ilkinji gezek kompýuterleriniň klawiaturasyna iki sany goşmaça düwme ýerleşdirdi. Olaryň biri ofis işlerine mahsus bolup, degişli maglumatlary ekrana çykaryp berýär, ikinjisi bolsa «dürli duýguly» şekiljikler üçin. Şeýle-de klawiatura simsiz «Bluetooth 5.0» modulyny hem goşdular. Täze klawiaturalar 49,99 — 59,99 dollardan 15-nji oktýabrda bazara goýberildi. Ýeri gelende aýtsak, «Microsoft» kompaniýasy 1975-nji ýylda Bill Geýts hem-de Pol Allen tarapyndan esaslandyrylypdy.

Ýagşimyrat Myradow,

talyp.

  • 16
  • 04.11.2019