MAKALA

Taryhy ýerlere gezelençler

Ýurt goragçylarynyň watançylyk duýgusyny ösdürmekde olar bilen taryhy ýerlere, medeni ojaklara, muzeýlere gezelençleriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem eziz Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragçylary bilen muzeýlere, taryhy we medeni-dynç alyş ýerlere gyzykly gezelençler yzygiderli guralýar. Olar bu ýerlerde watansöýüjiligiň kämil nusgasyny miras goýan taryhy şahsyýetleriň görelde mekdebi hakynda gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga, edermenlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk hakyndaky gürrüňleri diňlemäge mümkinçilik alýarlar. Merdanalyk mekdebiniň nusgalyk ýolunyň taryhyndan söz açýan bu ýerler serhetçileriň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, mukaddes serhedimiziň asudalygyny üpjün etmekde üstünlikleri gazanmaklaryna bolan synmaz ynamyny ösdürýär.

Çünki gezelençleriň barşynda harby gullukçylara edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleriň ata-babalarymyzdan mirasdygy, eziz Watanymyzyň her bir daban topragynyň mukaddesdigi, ony goramagyň egsilmez bagtdygy, uly borçdugy dogrusynda taryhçylaryň düşündirişleri juda uly täsiri özünde jemleýär.

Hawa şeýle ähmiýetli gezelençler, taryhda şöhratly yz goýan pederleriň ýurt goragynda görkezen nusgalyk ýollaryndan ruhy lezzet almak, şol bir wagtyň özünde milli mirasyňa, geçmişiňe guwanmak Watan goragyna bolan söýgiňi goşalandyrýar. Häzirki wagtda esgerleriň gullukdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklikleri, hünär öwrenmekleri üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bu günki muzeýlere, taryhy we medeni-dynç alyş ýerlere guralýan gezelençler hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Dost-doganlyk serhedimiziň goragçylary bilen guralýan şeýle gezelençler terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmak bilen bir hatarda, ýurt goragyna ruhlandyryjy güýçdir.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 15
  • 05.11.2019