MAKALA

Özi «ýöreýän» goşhalta

Syýahatlary, gezelenç etmegi gowy görýän, ýöne köplenç agyr goşhalta bilen geçilmeli uzak ýoldan howy basylýan adamlar üçin Italiýanyň «Vespa» kompaniýasyndan ajaýyp hoş habar bar. Kompaniýa ýakyn wagtda iki tigirçekli, deňagramlylygyny saklamak üçin ýörite programma bilen üpjün edilen, özi ýöreýän goşhaltany satuwa çykarar. Eýesiniň yzyndan galman hereketlenmek ukybyna eýe bolan bu robot goşhalta «Gita» diýip at goýupdyrlar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu täze önüm 18-nji noýabrdan bazarlara çykarylar. Ony edinmek islän müşderi 3250 dollaryň hözirinden geçmeli bolar. 18 kilograma çenli ýüki götermäge ukyply bu goşhalta sagatda 10 kilometr tizlik bilen «ýöremäge» ukyply.

 

Agajan Altyýew,

talyp.

  • 15
  • 05.11.2019