MAKALA

Ätiýaçlyga ugradylyş dabaralary

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde Watan öňündäki iki ýyl harby gulluk möhleti tamamlanan çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak çäreleri dabaraly ýagdaýda dowam edýär.

Golaýda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» resminama gol çekdi we resminama laýyklykda kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek degişli ýolbaşçylara tabşyryldy.

Häzirki günlerde gyzgalaňly geçirilýän bu dabaraly çärelerde söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan harby gullukçylar höweslendirilýär, olaryň ata enelerine şeýle watansöýüji perzendi terbiýeläp ýetişdirendikleri üçin ýadygärlik sowgatlary, minnetdarlyk hatlary ýollanylýar. Geçirilýän dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatlanylýan il sylagly ýaşulylaryň, kümüş saçly enelerimiziň, weteranlarymyzyň gatnaşmaklary onuň täsirliligini has-da artdyrdy. Hormatly myhmanlar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwrümiziň ajaýypdygy, ýurdumyzyň günsaýyn ösýändigi, serhedimiziň dost-doganlyk serhedine öwrülendigi, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary babatynda döwletimiziň yzygider alada edýändigi hakynda, şeýle-de Watanyň iň gymmatly mukaddesdigi, onuň başlanýan ýerini — serhedini goramagyň hem mukaddes borçdugy hakynda gürrüň berdiler we şol ýerde Watan öňündäki iki ýyl gulluk borjuny abraý bilen tamamlan ýigitlere geljekki durmuşda ak ýollary arzuw etdiler.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 36
  • 06.11.2019