MAKALA

Skaner şöhlesi ornaşdyrylýar

Hytaý internet ulanyjylarynyň üýşen ýeri hasaplanylýar. Şonuň üçin hem Hytaý bilermenleri internetde bellige durmazdan öň ýüzüňi skaner edýän täze anyklaýjy gönükmäniň synag işlerini geçirdi. Indi 850 milliondan artyk hytaýlylar internetde bellige durmazdan öňürti ýüzlerini skaner şöhlesinden geçirmeli bolýarlar. Telekommunikasiýa kompaniýalaryna bolsa öz öndürýän enjamlarynyň ýüzlerine skaner şöhlesiniň ornaşdyrylmagy talap edilýär. Bu täze telefon satyn alnanda, internete giren mahalyň awtorlaşdyrma üçin zerur. Anyklaýjy gönükme doly ýagdaýda üstümizdäki ýylyň 1-nji dekabryndan güýje girer.

Gülüstan Gurbanowa,

mugallym.

  • 11
  • 06.11.2019