MAKALA

Adaty karateniň wekilleri dünýä çempionatynda medallaryň 3-sini gazandylar

2019-njy ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Žindelfingen şäherinde geçirilen adaty karate (fudokan) boýunça VIII dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 3 medal (1 kümüş, 2 bürünç) gazandylar.

Durdymyrat Meredow bilen Didar Babaýew 16-18 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň En-bu görnüşinden örän netijeli çykyş edip, 2 kümüş medal gazandy. 16-18 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen En-bu görnüşindäki ýaryşda 11 topar (22 türgen) bäsleşdi.

Durdymyrat Meredow 16-18 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň şahsy Ku-go tutluşyk görnüşinden öran netijeli çykyş edip, 3-nji baýrakly orna mynasyp boldy. Bu toparda 40 türgen başarnygyny görkezdi. Netijede, Durdymyrat Meredow 5 tutluşyk geçirip, olaryň 4-sinde ýeňiş gazandy.   

Durdymyrat Meredow, Didar Babaýew we Didar Muradow 16-18 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň toparlaýyn Ku-go tutluşyk görnüşinde netijeli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryşda jemi 8 topar (24 türgen) özara güýç synanyşdy.

Adaty karateniň fudokan görnüşi boýunça geçirilen VIII dünýä çempionatynda dünýäniň 50-ä golaý döwletinden 3000 töweregi türgen çykyş etdi.

Žindelfingen şäherinde guralan adaty karate (fudokan) boýunça VIII dünýä çempionatyna Türkmenistanyň milli federasiýanyň başlygy Hangeldi Hojaýew emin hökmünde gatnaşdy.

www.msy.gov.tm

  • 12
  • 06.11.2019