MAKALA

«Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde...»

Nirede we haçan okanym ýadyma düşenok, ýöne şu jümle hiç hakydamdan gidenok: «Bir sahypa ýazmak üçin ýedi kitap okadym». Göräýmäge, bärde üýtgeşik zat ýok ýaly, emma, näme üçindir, men ony, maý tapdygym, adatdan daşary pikir hökmünde ulanmaga çalyşýaryn.

Meniň bu aýdýan pikirlerim aşakda beýan etmek isleýän pikirlerimiň süňňüni düzýär. Birinjiden, men bu makalany ýazmak üçin, belki, gep urşumdan hem aňan bolsaňyz gerek, özümi kitaplaryň girdabyna oklamadym. Ikinjiden, öz-özümize we töweregimizdäkilere nähili garaýan bolsak, durmuş hem bize edil şolar ýaly garaýar. Biz durmuşda öz şekilimizi görýäris. Beýik Magtymguly «Ýagşy tutabergil niýetiň-päliň!» diýip, tötänden aýdanok.

Biziň üçin durmuşyň öwredýän sapaklary hemişe gyzykly we özüneçekiji bolmagynda galýar. Ýöne onuň has gyzykly tarapy, bizi durmuşda nämäniň gyzyklandyrýandygydyr. Men durmuş barada, onuň adamlara, ilki bilen, näme öwredýändigi barada köp adam bilen gürrüňdeş boldum. Durmuşyň adamlaryň ählisine hemişe des-deň ýol salgy berýändigini inkär etmek çetin. Bu ýoly «halal» ýa-da, aýdaly, «dogry ýol» diýip atlandyrmak bolar. Ýöne ýaňy hem aýdyşym ýaly, durmuşa nähili nukdaýnazar bilen çemeleşseň, ol hem saňa şolar ýaly çemeleşýär.

Uly dünýaniň içinde birnäçe ownuk dünýäler bar. «Ownuk dünýä» diýýänimiz uly durmuşyň içindäki kindiwanja durmuşlardyr. Olar sansyz-sajakyz öýjükler ýaly bir bitewi janly bedeni emele getirýärler. Adamyň durmuş bilen arabaglanyşygy, ine, şeýleräk usulda gurlan.

Durmuşda esasy zat — müzzerilmeli däl. Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly, durmuşda kynçylyk ýok, ejizlik bar.

Häzirki zaman durmuşyna işewürler, sowatly hünärmenler gerek. «Ähli zady intellekt çözýär» diýen jümläniň häzirki döwrüň baş şygaryna hem-de durmuş hakykatyna öwrülendigini köpimiz bilýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak Arkadag Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýokary hünärli, zähmetsöýer, gujur-gaýratly, sagdyn ýaşlar diňe öz şahsy durmuşlaryny gurmaga ukyply bolman, eýsem, halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň mundan beýläk hem üstünlikli çözülmegini üpjün ederler.

Mälim bolşy ýaly, durmuşa ukyplylyk hem-de maksada okgunlylyk ýaly häsiýetler, şol sanda şahsyýetiň düýpli sypatlary, ruhy-ahlak ýörelgeleri we gymmatlyklary çagalyk ýyllarynda kemala gelýär. Şu jähetden hem ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehin-başarnyklaryny ösdürmek, mynasyp durmuşa taýýarlamak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Bu wezipeleri çözmäge ýardam edýän giň möçberli şertler bagtyýar durmuşymyzda öz mynasyp beýanyny tapdy.

 

Gurbanmyrat Muhammedow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

  • 18
  • 06.11.2019