MAKALA

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

  • 11
  • 09.11.2019