MAKALA

Şu gün Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär

Şu gün – 9-njy noýabrda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ählihalk bag ekem dabarasy geçirilýär. Bu barada 8-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny  aýap saklap galmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär. Ýurduň bütin çäginde tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly birnäçe kanunçylyk namalary hereket edýär we degişli halkara guramalar bilen netijeli işler alnyp barylýar.

 

  • 5
  • 09.11.2019