MAKALA

Italiýaly kompaniýalar TOPH taslamasyna gatnaşmaga çagyryldy

Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gaz geçirijisi ýylda 33 milliard kubmetr türkmen gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

Milanda çarşenbe güni geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Italiýanyň maýadarlary we gurluşyk kompaniýalary Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti italiýaly işewürleri TOPH taslamasy we onuň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem taslamanyň tehniki, satyn alyş, jemgyýetçilik we maliýe ýagdaýlary barada aýdyldy.

“Häzirki günde türkmen böleginiň 100 kilometri ‘Türkmengaz’ döwlet konserni tarapyndan guruldy. TOPH-niň owgan we pakistan böleginiň uzynlygy 1635 kilometrden ybarat bolup, bu iki ýurduň hersinde 3 sany gaz saýlaýan beket hereket eder” diýlip forumda bellenildi.

Tanyşdyrylyşyň barşynda TOPH taslamasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýa oňyn täsir etjekdigi barada aýdylyp, Owganystanyň we Pakistanyň üstaşyr geçirmek arkaly taslamadan paý aljakdygy mälim edildi. Şeýle hem bu iki ýurtda 40 müňden gowrak iş orunlarynyň dörediljekdigi nygtaldy.

Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gaz geçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

  • 7
  • 09.11.2019