MAKALA

“Eni” kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini kämilleşdirmek isleýär

“Eni” energiýa kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolan “Eni Turkmenistan Limited” 2008-nji ýyldan bäri işleýär.

Milan şäherinde çarşenbe güni geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynda “Eni” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Luka Wignati kompaniýanyň Türkmenistandaky iş ugurlaryny artdyryp biljekdigini aýtdy.

Wignati nebit-gaz pudagyndan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kämilleşdirilmegi boýunça işläp biljekdiklerini mälim etdi.

Forumdaky çykyşynda Wignati “nou-hoular” boýunça uly maýa goýýandyklaryny aýdyp, “Bularyň birnäçesi ilki bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilip, ondan soň dünýäniň beýleki ýurtlarynda amal edildi” diýip belledi.

“Eni dünýäniň 63 ýurdunda iş alyp barýar, durmuşa geçirilýän taslamalarynda ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ulanýar. Bu babatda Türkmenistan aýratyn çemeleşýär” diýip, Wignati kompaniýanyň soňky 3 ýylda howpsuzlyk standartlary boýunça ösüş gazanandygyny belledi.

Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda Türkmenistanda daşary ýurtly kompaniýalar tarapyndan Hazar deňzinde dört taslama, gury ýerde bolsa, 3 taslama durmuşa geçirilýär.

Italiýanyň “Eni” energiýa kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolan “Eni Turkmenistan Limited” 2008-nji ýyldan bäri işleýär. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda kompaniýa “Nebitdag” ýatagynyň çäklerinde iş alyp barýar.

Öz çykyşynda Luka Wignati 11 ýyl bäri Türkmenistanda işleýändiklerini belläp, häzirki günde kompaniýa tarapyndan günde 2 müňden gowrak nebitiň çykarylýandygyny mälim etdi.

  • 4
  • 09.11.2019