MAKALA

«Xiaomi»-niň «Note»-lardan tamasy uly

Soňky wagtlarda smartfonlar bazaryndaky ornuny örän çaltlyk bilen giňeldýän «Xiaomi» kompaniýasy özüniň iň şowly brendleriniň biri bolan «Redmi» sub-brendi barada käbir maglumatlary paýlaşdy. Bilşimiz ýaly, bu brendiň iň tanymal görnüşleriniň biri hem «Note» dewaýslarydyr. Kompaniýanyň maglumatlaryna salgylansak, 2014-nji ýylda öndürilip başlanan bu modeliň häzire çenli 100 milliondan gowragy satylypdyr. «Note» seriýasynyň müşderiler tarapyndan gyzgyn garşylanan «Redmi Note 7» smartfonlarynyň şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda 20 million sanysy öz alyjysyny tapdy. Kompaniýa «Redmi Note» toparyna degişli bolan iň güýçli smartfonlar«Redmi Note 8» we «Redmi Note 8 Pro» smartfonlarynyň hem satuwyny ýokarlandyrmak üçin çäreleri alyp barýar.

Oguljennet Baýmuhammedowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary

we ösüş uniwersitetiniň talyby.

 

  • 22
  • 09.11.2019