MAKALA

Italýan dili öwrenilýär

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyz belent ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şu jähetden ugur alyp, ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge, bilmäge bolan höwes barha artýar. Biziň ýurdumyzda hem roman-german dilleri bolan fransuz, nemes, ispan dilleri bilen bir hatarda, italýan dili hem ýokary derejede öwredilýär.

Italýan dili geçmişiň dowamynda sungat, döredijilik, şygyr we aýdym-saz bilen baglanyşyp gelýär. Birnäçe Ýewropa döwletleriniň dilleri bilen bir hatarda, italýan dili latyn diliniň esasynda emele gelýär. Bu dil orta asyryň Täzeden Döreýiş döwründe giňden kemala gelip başlaýar. Şol döwürde italýan dilini ösdürmekde ýazyjylar we şahyrlar örän uly zähmet siňdirdiler. Çünki italýan dilinde döredilen ilkinji eserler orta asyryň Täzeden Döreýiş döwrüne degişlidir. Italýan edebi diliniň düýbüni tutujy hasaplanýan ýazyjy Dante Alegýeri özüniň «Ylahy komediýa» atly eserini hut italýan diliniň fiorentin dialektinde ýazypdyr. Onuň yzy bilen Françesko Petrarka, Jowanni Bokkaççýo ýaly ýazyjylaryň miras galdyran eserleriniň netijesinde, italýan dili sünnälenip, kemala gelip, biziň döwrümize ýetdi. Şeýlelikde, italýan diliniň gymmatlygy, onuň baý taryhy bize mälim boldy.

Italýan dilini barha kämilleşdirmek maksady bilen XVI asyrda Pietro Bembo tarapyndan italýan diliniň ilkinji takyk grammatikasy, XVII asyrda bolsa köpsanly arhaizmleri we latynizmleri öz içine alýan «Akademiýa della Kruskanyň» sözlügi neşir edilýär.

Geçen asyrlaryň dowamynda dürli kynçylyklara sezewar bolanyna garamazdan, täze edebiýat akymyna degişli bolan italýan ýazyjylary peýda bolýar. Jakomo Leopardi, Italo Kalwino, Janni Rodari, Dario Fo, Nobel baýragyna mynasyp bolan Luiji Pirandello, Eujeniýo Montale ýaly ýazyjylar öz eserleriniň üsti bilen diňe italýan diliniň däl, eýsem, italýan halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, mirasyny, ynsanperwer duýgularyny ussatlyk bilen beýan edipdirler.

Häzirki döwürde italýan dilinde gürleýänleriň sany barha artýar. Italýan dili Ýewropa Bileleşiginiň 24 sany resmi dilleriniň hataryna girýär. Şeýle hem birnäçe ýurtlarda italýan dili giňden ýaýrandyr.

1861-nji ýylda italýan dili döwlet dili diýlip kabul edildi. Italýan dili latyn elipbiýiniň esasynda düzülip, jemi 26 harpdan ybarat. Olaryň 21-si italýan harplary bolup, 6 harp latyn elipbiýinden üýtgedilmän alnan alynma harplardyr. Italýan dilinde «h» harpynyň beýleki dillerden tapawutlanýan aýratynlygy, bolup ol bir ýagdaýda okalmaýar. Türkmen we italýan elipbiýinde meňzeşlikleriň bardygyny belläp geçmek ýakymlydyr. Şol sebäpli hem türkmen dilini bilýänlere italýan dilini öwrenmek, oňa uýgunlaşmak aňsat düşer. Türkmen-italýan medeni gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen her ýylda sergiler, konsertler we ylmy maslahatlar geçirilýär. Alnyp barylýan çäreleriň ählisine talyplarymyzyň işjeň gatnaşýandygyny belläsimiz gelýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynda nemes we fransuz dilleri bilen bir hatarda, italýan dili we edebiýaty 2008-nji ýyldan bäri okadylýar. Häzirki wagtda ýerli mugallymlaryň 4-si we 1 sany Italiýadan gelen mugallym italýan dili hünäri boýunça zähmet çekýär. Italiýanyň Siena we Peruja şäherlerinde italýan diliniň taryhy, nazary fonetikasy, nazary grammatikasy, leksikologiýasy we stilistikasy dersleri talyplara öwredilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimizde italýan dilinden türkmen diline terjime etmegiň usullary bilen bagly sapaklar geçilýär.

2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda sözleýiş, dil öwrenmek üçin zerur binýadyň döremegi üçin wajyp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýaşlaryna ene dilimiz bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleri kämil öwredilýär. Magtymguly adyndaky TDU-da italýan dili çuňňur öwrenilip, bu babatda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary gazanylýar. Dünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Şeker Gulowa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň roman-german we Gündogar dilleri fakultetiniň mugallymy

  • 33
  • 11.11.2019