MAKALA

Göksüýri ýadygärlikleri — Tejeniň kenaryndaky beýik medeniýetiň yzlary

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen topragynyň her daban ýerinde beýik medeniýetiň yzlaryna duşýarys. Mundan müňlerçe ýyl ozal şöhratly Merwden günbatara rowan bolan müňläp düýeli kerwenler Tejen derýasynyň kenaryndaky Göksüýri ýadygärlikler toplumyny emele getiren mes toprakly, bol bereketli ýaşyl ýaýlalara ýetipdir. Gerirud daglaryndan gözbaş alan Tejen derýasy baýyrlyklary suwlandyryp geçip, Göksüýri ýaýlasyna ýetende bir tohumyň müňlenmegine şert döredipdir. Ylmy jähtden alanyňda, çalbaşly daglaryň depesini ýuwup gaýdan gojaman derýanyň suwy bol hasylyň ýetişmegi üçin ähli zerur minerallary öz düzümine siňdirip, Göksüýrüdäki mes toprakly ýaýlalary suwarypdyr. Bu künjekde mekan eýlän merdana babadaýhanlaryň yhlasy bilen waharman gawunlarydyr tagamy datly garpyzlar, kädiler, gül-reýhan meýdanlar döräpdir.

Tejen derýasynyň bol suwunyň bolandygy hem-de onuň Tejen ýaýlalaryny ýeterlik suw bilen üpjün edendigi barada orta asyr alymy Ýakut Hamawynyň kitabynda bellenilip geçilýär. Derýadan ýylyň dowamynda 220 gün bol suw akypdyr, emma ondan gözbaş alýan ýaplaryň suwy düýpgöter kesilmändir. Munuň özi ýerli ilata ekerançylyk bilen ymykly meşgullanmaga ajaýyp şertleri döredipdir. Şol sebäpli-de, Göksüýriýaýlasyna baryp baş-alty müň ýyl ozal, mis-daş eýýamynda ilat köpçülikleýin göçüp barypdyrlar. Ýaýlada dörän obalar dura-bara Änew, Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe ýaly öz döwrüniň uly şäher merkezleri bilen bäsleşen medeniýetiň ösen ojaklaryna öwrülipdir. Hususan-da,Göksüýri ýadygärliklerinde ekarançylyk we maldarçylyk bilen birlikde, senetçilik, hünärmentçilik, söwda ösüpdir.

Tejen şäheriniň gündogaryndaky gök-ýaşyl öwüsýän ýaýlada dokuz sany ýadygärligiň galyndylaryny emele getirýän toplumyň iň ulusynyň süýri görnüşinde bolmagy, taryhyň täsin syrlaryny goýnunda gizläp ýatan mirashananyň Göksüýri adynyň döremegine getiripdir. Bu ýadygärligiň galyndysynyň meýdany häzirki wagtda 12 gektrara barabardyr. Ýadygärligiň üstki gatlagyndan miladydan öňki IV-II müňýyllyklara degişli bolan küýze bölekleri, misden, daşdan ýasalan ownuk önümler, dürli şaý-sepler we dessur ähmiýetli beýleki şekiller tapyldy. Gadymy arheologiýa depesinden küýze bişirilen küre we gaplary ýasamak üçin ulanylan toýun palçyklaryň galyndylary bu ýerde küýzegärçiligiň ýokary derejede ösendigine güwä geçýär. Tejen şäheriniň golaýynda, 10 metr belentlikde görenleriň nazaryny özüne çekýän Göksüýri ýadygärligi arheologlar tarapyndan «Göksüýri I» diýlip atlandyrylýar hem-de ol ýaýlada ýaşan ilatyň jemgyýetçilik we medeni merkezi hasaplanýar.

Göksüýri medeniýetine degişli ýadygärlikleriň iň ähmiýetlileriniň ýene-de biri ýerli ilat tarapyndan Akjadepe diýlip atlandyrylýar. Ylymda «Göksüýri II» diýlip atlandyrylýan ýadygärlik häzirki wagtda 45x50 metr möçberindäki meýdany tutýar. Ondan dürli nagyşlar çekilen gap-çanaklaryň bölekleri tapyldy. Munuň özi, ýadygärlikde ýaşaýan senetçileriň, hünärmentleriň çeperçilik taýdan örän kämil derejelere ýetendigini tassyklaýar. Tejen demir ýol menzilinden 15 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän Ýalaňaçdepe arheologiýa ýadygärligi miladydan öňki III müňýyllyk bilen senelenýär. Arheologik depäniň biziň günlerimize gelip ýeten galyndysy ýerden 4-6 metr belentlikde, daş-töwerekden saýlanyp dur. Arheologiýa ýadygärligiň häzirki wagtda meýdany 1,2 gektara barabardyr.

Ýalaňaçdepe diametri 3,8 metrden 4,5 metre çenli bolan tegelek binagärlik desgalary bilen arheologik ylmynda meşhurdyr. Alymlar bu täsin desgalary küňre-diň bolaýmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Munuň özi, Ýalaňaçdepäniň galyňlygy ortaça 0,5 metre deň bolan çylşyrymly gurluşly goranyş diwarynyň bolandygyny tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşy goranyş galaly ýadygärlikleriň iň irkisidir. Ýadygärlikde 35-40x25x10 santimetr ölçegdäki çig kerpiçden gurlan gönüburçly ýaşaýyş jaýlarda ýaşalypdyr. Alymlar tarapyndan geçirilen gazuw agtaryşlaryň dowamynda otaglaryň 9-synyň üsti açyldy. Olaryň 2-si ýaşaýyş, galanlary hojalyk otaglarydyr. Olaryň käbirinde ojaklar bar eken. Senetçi ussalar küýze önümlerini ussatlyk bilen ýasapdyrlar. Çakmakdaşdan, süňkden, misden ýasalan gurallar hem bu ýadygärlikden ýüze çykaryldy.

Tapyndylaryň arasynda palçykdan ýasalan adam we öý jandarlarynyň heýkeljikleriniň 30-dan gowragy tapyldy. Ýalaňaçdepe Türkmenistanyň daş we mis asyrlaryny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Arheologiýa ylmynda bu gadymy ýadygärlik «Göksüýri III» diýlip atlandyrylýar. Ylymda «Göksüýri IV» diýlip atlandyrylýan arheologiýa ýadygärligi Tejen ilinde «Mollalydepe» ady bilen bellidir. Tejen şäheriniň demir ýol menzilinden 25 kilometr. günorta we günorta-gündogarda ýerleşýär. Ýadygärligiň tutýan meýdany 110x130 metre, beýikligi 3,5 metre golaýdyr. Ýadygärligiň gündogary irki mis-daş döwrüne, ýadygärligiň esasyny emele getirýän günbatar bölegi bürünç asyryna degişlidir. Geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň diňe günbatar böleginden 20 otagyň üsti açyldy. Bu toplum üç tarapdan tegelek küňre görnüşli gorag diňleri arkaly birikdirilen diwar bilen gurşalypdyr. Arheologlaryň yhlasly zähmeti netijesinde, ýadygärlikden gyzyl we gara reňkli nagyşlar bilen bezelen gap-gaçlar, däne owguçlar, ikbaşlar, çakmakdaş, peýkamlar, mis ýaraglar, süňk iş gurallary, adam heýkelleri gymmatly ylmy tapyndylar ýüze çykaryldy.

Mollalydepeden tapylan mermer görnüşli monjuklar, aýal heýkeljikleri has täsin gymmatlyklar hasaplanyp, olaryň kämil tehnologik syrlary ylym üçin açylman gelýär. «Göksüýri V-i» ýerli ilat «Çaňdepe» diýip atlandyrýar. Gündogardan günbatara tarap ýaýylyp gidýän bu ýadygärlik 150x90 metr möçberindäki meýdany tutýar. Göksüýri medeniýetine degişli ýadygärlikleriň ýene-de bir «Aýnadepe» diýlip atlandyrylýar. Meýdany 100х70 metr. möçberdäki bu ýadygärligiň galyndylary ýerden 2 metr beýiklikdäki depe görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ondan Çaňdepede tapylan keramiki önümler ýaly gap-gaçlaryň, küýzeleriň bölekleri tapyldy. Arheolog alymlar tarapyndan ýadygärlikden birnäçe ýaşaýyş we hojalyk jaýlarynyň üsti açyldy. Gadymy mirashanadan aýal heýkeller, misden ýasalan gurallar tapyldy. Arheologiýa ylmynda bu gadymy ýadygärlik «Göksüýri VI» diýlip hem atlandyrylýar.

Tejen şäherinden Göksüýri ýaýlasyna uzap gidýän ýoluň ugrundaky indiki ýadygärlik, ady ýerli tarapyndan ýiteňkirländigi sebäpli ylymda «Göksüýri VII» diýlip atlandyrylýar. Arheologik depäniň tutýan meýdany 130x85 metre barabardyr.Ýadygärlikden gowy timarlanan erňegi kese çyzykly, käbir ýerleri birleşýän dik çyzykly keramika önümleri tapyldy. Şeýle-de, oňat işlenilip, çakmak daşyndan bejerilen naýzanyň uçlary ýüze çykaryldy. Tejen şäherinden 18 kilometr gündogarda ýerleşýän «Daşlyjadepe» diýlip atlandyrylýan gadymy arheologik depe hem Göksüýri ýaýlasyndaky ýadygärlikleriň ilki döränleriniň biridir. Onuň ýaşy miladydan öňki IV-III müňýyllyklar diýlip senelenilýär.

Daşlyjadepeli ilat 38x24x10 santimetr ölçegdäki çig kerpiçden 6-12 inedördül metr ölçegdäki ýaşaýyş jaýlarynda ýaşapdyrlar. Otagyň işiginiň ýanynda gönüburçly ojaklary we gabsa aýaklarynyň aşagyna goýlan daşlary saklanyp galan agaçdan gapylary bolupdyr. Onuň häzirki wagtda beýikligi bary-ýogy 2 metre barabar beýiklikde, ýöne meýdany 1200 metre barabardyr. Daşlyjadepeliler esasan ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Daşlyjadepeden adamlaryň we haýwanlaryň keramiki heýkelleri, azyk saklanýan galyň humlar, düýbi çüri nagyşly okaralar we kiçijik käseler, golçalar, çakmak daşyndan we misden ýasalan dürli-dürli gurallaryň döwükleri tapyldy.

Görnüşi ýaly, Tejen derýasynyň aşak akymyndaky gollarynyň kenarlarynda syrgyn bolup oturan Göksüýri ýadygärlikler toplumy, şanly taryhymyzy öwrenmekde örän wajyp maglumatlary öz goýnunda saklaýar. Bu ýadygärliklerden ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar taryhymyzyň mis-daş eýýamynyň heniz üsti açylmadyk syrlaryny aýan etmekde egsilmez hazynadyr.

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.

  • 46
  • 11.11.2019