MAKALA

Sowuga çydamly göçme öý

Antraktidany öwreniji alymlar hem-de Aý stansiýalarynda astronawtlaryň güýçli sowukdan goranmagy üçin Tatikawadaky Ýaponiýa döwlet polýus barlag institutynyň wekilleri şemaldan, sowukdan goraýjy göçme öý oýlap tapdylar. Güýçli şemala, sowuga çydamly bolan göçme öý 3x6 ölçegli iki sany konteýner böleklerinden ybarat bolup, umumy meýdany 33 kw/m-dir. Onuň diwarlary agaç hem-de galwalum örtüginden ýasalyp, zynjyrly tigirler arkaly hereket edýär. Göçme öý 45,3 oC sowuga we tizligi sekuntda 61,2 metre deň bolan şemala çydamlydyr. Öýüň üçegindäki Gün panelleri ony energiýa hem-de yssylyk bilen üpjün edýär we içerdäki temperaturanyň bellibir derejede saklanmagyna getirýär. 2020-nji ýylyň fewral aýynda Antarktikadaky Ýaponiýa stansiýasynda göçme öýüň synag işleri geçiriler.

Aýbölek Jumamyradowa,

talyp.

 

  • 24
  • 11.11.2019