MAKALA

«WearOS»-ly «Xiaomi Mi Watch» akylly sagady

Soňky maglumatlara görä, «Apple Watch»-a juda meňzeş bolan «Xiaomi Mi Watch» akylly sagatlary «Xiaomi»-niň önümleriniň arasynda iň köp gyzyklanma bildirilýänleriň hataryndan orun aldy. Iki tapawutlanan reňki bilen orta çykan bu akylly sagat goşaryň ululy-kiçililigini özi sazlaýar. «WearOS» programmasy ýüklenen, ajaýyp MIUI penjirelerine eýe bolan «Mi Watch» özüniň ähli güýjüni «Snapdragon Wear 3100»-dan alýar. Bu sagatlarda GPS, WiFi, Bluetooth we NFC hem elýeterlidir. Mundan başga-da, «Xiaomi Mi Watch» akylly sagatlarynda sim kartlar ýerleşdirilip, şol bir wagtda hem goşmaça sesli funksiýalar bilen üpjün edilipdir. Onuň ortaça ulanyş wagty 36 sagada niýetlenendir. Häzirki wagtda 40-dan gowrak funksiýa ornaşdyrylan bu sagatlar 8 GB ýada we 1 GB RAM-a eýedir.

Taýýarlan: Güljahan Allaýarowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

  • 23
  • 13.11.2019