MAKALA

Türkmen samboçylary dünýä çempionatynyň medallaryny gazandylar

Günorta Koreýanyň Çhonju şäherindäki «Soku» sport toplumynda dowam edýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni türkmen samboçylary hormat münberine çykdylar.

57 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ahmet Taňryberdiýew (Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 5-nji ýyl talyby) söweşjeň sambo boýunça bürünç medal gazandy. Onuň agramynda Aleksandr Nesterow (Russiýa) altyn medala, Serikhan Tussupow (Gazagystan) kümüş medala eýelik etdi.

100 kilograma çenli agram derejede bolsa Çarymyrat Annagurbanow (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri) söweşjeň sambo boýunça netijeli çykyş etdi. Ol russiýaly Wadim Nemkow bilen özbegistanly Ilhomjon Ýuldaşewi öňüne geçirip, ýaryşy bürünç medal bilen jemledi.

  • 33
  • 13.11.2019