MAKALA

Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa çagyrýarys

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary harby bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris.

1. Türkmenistanyň Serhet institutyna 2020/2021-nji okuw ýylynda Watana, halka, harby kasama wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, umumy orta bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň arasyndan dalaşgärlige saýlap-seçip alynýar.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar 25 ýaşy dolýança.

Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

2. Türkmenistanyň Serhet instituty 2020/2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna hünärmenleri taýýarlamak üçin şu aşakdaky hünär boýunça okuwa kabul edýär:

— serhet gorag bölünmeleriniň dolandyrylyşy-hukuk öwreniş, hukukçy.

3. Türkmenistanyň Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri 2020-nji ýylyň 19-njy martyna çenli geçirilýär.   

4. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy. Arzada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde janyny aýaman Watana, halka, harby kasama, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

— şahsy maglumaty we terjimehaly;

— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger-de işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

— eger dalaşgäriň kakasy ýa-da ejesi aradan çykan bolsa, onda bu baradaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasyny bozan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;  

— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler edaralarynyň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

— eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

— umumy orta, başlangyç ýa-da orta hünär bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— 1 sany 9х12 ölçegde, 9 sany 3х4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip bilerler.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen milli pasportyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.

5. Serhet institutyna okuwa isleg bildirýän dalaşgärler bilen orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, matematika we beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary 2020-nji ýylyň iýul we awgust aýlarynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde kabul edilýär.

6. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlere ýüz tutmaly.

7. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy,

tel.: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

 

Türkmenistanyň

Döwlet serhet gullugy

  • 52
  • 30.11.2019