MAKALA

Olimpiýa şäherçesi futzal boýunça Aziýa çempionatyny kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesi bu günki gün iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerdäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriljek Aziýa yklymynyň fuzal baýramyna taýýarlyk görülýär.

2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren futzal ýaryşynyň ýokary derejede guralandygyny aýtmak gerek. Şonuň üçin 2020-nji ýylda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň hem talabalaýyk guraljakdygyny nygtamak bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berlendigini ýatladýarys.

www.msy.gov.tm

  • 22
  • 14.11.2019