MAKALA

Taryhy baý ülke

Daşoguz welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolup duran taryhy we arheologik ýadygärlikler jemlenendir. Köneürgenç şäheri dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan köpsanly syýahatçylaryň we Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri saklanyp galypdyr.

Horez mde ýaşanl a r yň durmuşy ekerançylyk bilen baglanyşykly bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň aýagynda Horezmde suwarymly ekerançylygyň sada görnüşleri ösüp başlap, emeli suwaryş ulgamlary döredilipdir.

Miladydan öňki VII asyryň ahyrlarynda Horezmde Guýsaý medeniýeti döreýär. Ol medeniýetiň esasy ýaýran ýeri Amyderýanyň Sarygamyş goly — Daşoguz welaýatynyň çäkleri hasaplanýar. Guýsaý taýpalary oturymly ýaşap, ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar ýerkümelerde hem-de agaçdan salnan jaýlarda ýaşapdyrlar. Guýsaýlylar bürünçden we demirden ýasalan gurallary ulanypdyrlar.

Demir asyry adamzat taryhynda uly özgerişleriň döwri bolupdyr. Bu asyrda adamzat ilkidurmuş döwründen synpy jemgyýete we onuň esasy alamaty bolan döwlete gadam basýar.

Adamzat taryhynyň irki demir asyr döwri demir magdanynyň özleşdirilmegi bilen şertlendirilen, möhüm özgerişlikleriň bolup geçen döwrüdir. Ýaňy-ýakynlara çenli maddy medeniýetiň ösüşi, umuman, demir önümçiligine bagly bolup geldi. Irki demir asyrynda öndürijilik işleri güýçli derejede ýokary göterilýär: sürümli ekerançylyk peýda bolup, suwaryş desgalarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar, senetçilik önümçiliginiň ösüşi göze ilýär.

Öndüriji güýçleriň, içerki we daşarky söwdanyň ösmegi, jemgyýetiň täze durmuş gurluşlarynyň kemala gelmegi şäherleriň — ähli hojalyk we jemgyýetçilik işiniň merkezleriniň peýda bolmagyna getirýär. Umuman, Türkmenistanyň günortasynda irki şäher medeniýetiniň emele gelen döwri bürünç asyrynyň ahyryna gabat gelýär. Ahaldaky Altyndepe medeniýeti şonuň aýdyň mysalydyr.

Gadymy grekler Horezmi, adatça, «Müň şäherli ýurt» diýip atlandyrypdyrlar. Bu barada has giçki hytaý çeşmelerinde habar berilýär. «Müň şäherli ýurduň» adam eliniň däl-de, mifiki döredijiligiň önümidigi şübhesizdir. Emma gadymy grekleriň ýaşan zamanynda-da Horezmde onlarça şäherleriň — ýokary derejede ösen şäher medeniýetiniň şaýatnamalarynyň bolandygyny bilýäris. Horezmiň çep kenardaky böleginde b.e.öňki VI asyrdan başlap, şäher medeniýeti has güýçli depginde ösmäge başlaýar.

Horezmde Orta Aziýanyň günorta bölegine seredeniňde, şäherler gijräk gurlup başlanýar. Horezmiň iň uly we irki Küýzeligyr ýadygärligi häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň çäginde ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 20 ga. Küýzeligyr Horezmiň şäher gurluşyk medeniýetiniň başlangyjy hasaplanyp, b.e.ö VII — VI asyrlar bilen senelenýär. Galada ýaşaýyş jaýlarynyň üç hatary ýerleşip, ilatyň ählisi şol jaýlarda ýaşapdyr. Içki howly mallaryň agyly hökmünde ulanylypdyr. Şäheriň şunuň ýaly edilip gurulmagy ilatyň öňünde dur ýan esasy wezipe — mallary gorap saklamak bilen baglanyşykly bolupdyr. Ýaşaýyş diwarlary bolan şunuň ýaly gadymy şäherleri «Awestada» gürrüňi edilýän we mifiki gahryman Ýima-Jemşit tarapyndan gurlan «inedördül Wara» bilen deňeşdirmeginiň mümkindigi hakda çaklama bar.

Sarygamyş kölüne ýanaşyp duran mes toprakly ýeriň demirgazyk böleginde ýokary derejedäki şäher medeniýeti kemala gelipdir. Bu ýerde orta asyrlardaky Gürgenjiň (Köneürgenjiň) ägirt uly şäher harabaçylygyny, irki orta asyrlara degişli Boldumsaz galasyny (Köneürgenjiň 70 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýär), Döwkesen şäherini (ol Üstýurduň golaýynda, Köneürgenjiň 60 kilometr günbatarynda ýerleşen we boşap galan gadymy grek şäheriniň ýerinde gurlupdyr) we beýleki ýadygärlikleri synlamak bolýar.

Türkmenistanyň tebi gy hem medeni ýadygärlikleri döwlet tarapyndan goraga alnandyr. Medeni ýadygärliklerimiz dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzda milli syýahatçylyk industriýasynyň ösüşini çaltlandyrýar.

Ogulsona Lollekowa,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

  • 44
  • 14.11.2019