MAKALA

Hünär hem-de söweşjeň taýýarlyk kämilleşdirilýär

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylarynyň söweşjeň we hünär taýýarlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu günler bu bölümiň degişli harby gullukçylary bilen geçirilýän «Tälimçiler üçin alpinizim endikleri» boýunça tälimçileriň okuwy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu okuwyň baş maksady «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak bilen birlikde, olaryň dost-doganlyk serhedimiziň goragynda çylşyrymly şertlerde bökdençsiz gulluk alyp baryp bilmek başarnyklaryny ösdümekdir. Bu okuw serhetçiler üçin örän möhümdir. Çünki örän çylşyrymly tebigy şertlerden geçýän Watanymyzyň serhedi daglyk ýerlerini hem öz içine alýar. Dag şertlerinde gulluk alyp barmakda alpinizm ugrundan baş çykarmak bolsa öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmekde, araçäklerimiziň asudalygyny üpjün etmekde serhetçileriň gullugyny üstünliklere besleýär.

Tälim okuwynyň dowamynda serhetçiler ýüpden dyrmaşyp dagyň kertlerinden aşyp belentliklere çykmak, barmasy kyn bolan ýerlere baryp, söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmek, beýik binalaryň üstüne çykmak hem-de ýangyny öçürmek we ýangyna sezewar bolanlary otdan alyp çykmak ýaly endiklerini hem kämilleşdirýärler.

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 47
  • 14.11.2019