MAKALA

Iň gowy bilim ojagy

Dünýäde iň gowy ýokary okuw mekdepleri barada gürrüň gozgalanda, ilki bilen akylymyza Oksford, Kembrij uniwersitetleri gelýär. Ýöne muňa garamazdan, statistikanyň maglumatlary ÝOM-nyň «TOP 100» sanawynyň çürbaşyny ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýalar institutynyň eýeleýändigini görkezýär. 1861-nji ýylda döredilen bu okuw mekdebinde 1000-e golaý professor-mugallymlar zähmet çekip, olardan 11000-den gowrak talyp we aspirant bilim alýar. Häzirki wagtda bu okuw mekdebi özbaşyna hususy uniwersitet bolup, esasy bäş ugur boýunça (arhitektura, inžener, ynsanperwer, sungat, menejment) hünärmenleri taýýarlaýar.

Taýýarlan: Aýnabat Annahanowa,

 talyp.

  • 38
  • 15.11.2019