MAKALA

Aşgabatda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady

14-nji noýabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady.

Dabara ýygnananlar hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda halkara forumyň açylmagy bilen oňa gatnaşýanlary tüýs ýürekden gutlaýar.

Sergide özüniň gazananlaryny görkezýänleriň hatarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy guramalary hem-de ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kompaniýalary, şeýle hem dürli federasiýalar we toparlar bar. Olarda tälim alýanlar serginiň dowamynda ýörite maksatnama bilen çykyş edýärler.

Halkara forum öz işini 15-nji noýabra çenli dowam eder. 

  • 22
  • 15.11.2019