MAKALA

Deňiz serhediniň türgenleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda dost-doganlyk serhedimiziň goragynyň hilini ýokarlandyrmak, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we serhetçileriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine deňiz serhediniň goragyny berk üpjün etmek, suw astynda tabşyryklary ýerine ýetirmäge ukyply guwwaslary taýýarlamak maksady bilen geçirilen «Deňiz serhedinde serhetçileriň potensialyny berkitmek» boýunça okuwy hem aýdyň subutnamadyr. Okuw esasan Hazar deňzinde guraldy. Gündelik açyk deňizdäki okuw sapaklarynda ýörite bellenen gaýyklar ulanyldy. Okuw kursyna degişli harby bölümden harby gullukçylar gatnaşdy we okuwlar iki topara bölünip geçirildi.

Okuw kursunyň dowamynda guwwaslar bilen okuw sapaklar geçirilip, onlarça gezek suwa çümme ýüzüşleri, suwuň aşagynda tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça türgenleşikler alnyp baryldy. Geçirilen okuwy tamamlan harby gullukçylara degişli diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 48
  • 15.11.2019