MAKALA

Goşgular çemeni

«Bu bagy-bossanlar Watandyr maňa».

Atamyrat Atabaýewden.

* * *

Her daban ýerini deňäp göreje,

Söýdügimiz, şu Watandyr, Watandyr!

Türkmenistan — belent at hem dereje,

Saýdygymyz, şu Watandyr, Watandyr!

 

Mährem käbelermiz — mähribanlarmyz —

Mertleri döredýän gahrymanlarmyz.

«Derkar bolsa, aýamarys janymyz»,

Diýdigimiz, şu Watandyr, Watandyr!

 

Dostluga çagyryp ýakynyn-ýadyn,

Arkadag berkidýär Watan kuwwatyn.

Mertebä göterip mukaddes adyn,

Uýdugymyz, şu Watandyr, Watandyr!

 

Watan — tyllaýy Gün — ýylgyryp dogýan,

Watan — ýaz güllerden ter çemen bogýan.

Ýürekden bir täsin heň bolup çogýan,

Aýdymymyz, şu Watandyr, Watandyr!

 

Onda iller zähmet çekip armaýar,

Goýnunda gezende gussa galmaýar.

Erkinlik nyşany bolup parlaýan,

Baýdagymyz, şu Watandyr, Watandyr!

 

Il bolup guwanýas serhetçilere

Gulluk alyp barýan dag bilen düzde,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

Tarypyny aýdyp senaly sözde,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

 

Günleň uzynlygna, parhyna bakman,

Watan goragyny saýýarlar ykbal!

Saý bilen päkize göwnüni ýykman,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

 

Yhlaslarna, heý, buýsanmaz ýalymy?

Mähir bilen gurşaýarlar ilini.

Dowam edýän atalaryň ýoluny,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

 

Serhetde garşylap gül açan ýazy,

Gyşa ýollaýarlar durnaly güýzi,

Bilmän gulluk edýän gije-gündizi,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

 

Janlary sag bolsun, başlary belent,

«Olar öz ugruna talantdyr, talant».

Watanyň başlanýan ýerlerne belet,

Il bolup guwanýas serhetçilere.

 

Takyk jogap

«Kim?» we «Nirden?» diýen sowala jogap —

«Serhetçi men, gulluk edýän serhetde».

Watan topragyna eýläp müň togap,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

 

Bu ýerde bir başga lezzeti howaň,

Kalpdaky buýsanjym doldurýar owam.

Ýurt goragy bizde dowamat dowam,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

 

Bu ýaýylyp ýatan düzler biziňki,

Serhet ýakadaky yzlar biziňki,

Gyş, ýaz, tomus, altyn güýzler biziňki,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

 

Gullukdakam hüşgärdirin, sakdyryn,

Göwnüm joşýar giňişlige bakdygym.

Buýsandyrýar sözlerimiň hakdygy,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

 

Synlap öz Watanmyň tebigatyny,

Ýazýan söýgülime «Salam hatyny»,

Atlanyp syrdaşym, bedew atymy,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

 

Ynha, ýene barýan tabşyryk ýere,

Buýsançly duýgular syganok sere.

Alkyş aýdyp halkyň milli Liderne,

Serhetçi men, gulluk edýän serhetde.

Myratgeldi Hallyýew.

 

Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany!

Kän garaşdyk bu günleriň gelerne,

Ata-babalaryň kalba besläni.

Rowaçlyk ýar bolan ata Watanda,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

 

Özgerendir halkyň durmuş ykbaly,

Ýurdum öňe barýar ösüşler sary.

Ýalkym saçýan bu güneşli Diýarda,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

 

Gurulýar desgalar ajapdan-ajap,

Görküne görk goşýar bagy-bossany.

Güller açýan bu bagtyýar ülkede,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

 

At-owazaň Ýer ýüzüne dolandyr,

Goýnuňa çagyrýaň görmek isläni.

 Bagtdan paýly bu jenneti mekanda,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

 

Garaşsyz ýurt ýigrim sekiz ýaşady,

Ummasyz bitirlen işleriň sany.

Asyrlara deňdir ýetilen sepgit,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

 

Ýurt başynda beýik Ynsan durandyr,

Her bir işde görkezýändir nusgany.

Arkadagym, Size çäksiz alkyşlar,

Garaşsyzlyk — dillermiziň dessany!

Mergen Taganbaýew.

 

Ynam

Ynanýan men, ykbalyň

Ýagty şöhle saçjagna.

Aý lowurdan Asmanda,

Günüň dogup-ýaşjagna.

 

Ynanýan men, döwediň

Dür setirler seçjegne.

Göge galan höwesiň,

Ak kagyza geçjegne.

 

Ynanýan men, ýollaryň

Belent heňne, aýdymna.

Şatlygymy ýollaryn,

Gussa alyp gaýdar-da.

 

Ynanýan men, söýginiň

Öz ýoluny açjagna.

Arman bolan gaýgynyň,

Mundan aňry gaçjagna.

 

Senem ynan bulara,

Ünji bilen gyýylman.

Sebäp bol goşgulara,

Söz galmasyn diýilmän.

 

Ynanýan men baryna,

Kakyp kiriş-taryna.

Ogluňa ykbal dile,

Ylham dile ýaryňa.

Garahanjar Baýhanow.

 

  • 36
  • 15.11.2019