MAKALA

Serhetçi zenanyň üstünligi

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Bu abraýly ada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasynyň harby gullukçysy Selbi Aşirowa hem mynasyp boldy. Selbi Aşirowanyň şu günki güne çenli bitiren işleri, ýazan makalalary, ýazgy eden telegepleşikleri ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda, teleýaýlymlarynda yzygiderli goýberildi. Biz hem işdeş zenan harby gullukçymyzy bu gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Oňa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmelerini wagyz etmekde, döwletimiziň beýik ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşmakda ýene üstünlikli menzilleri arzuw edýäris.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 129
  • 16.11.2019